Çarwa nowruzy

27 Fewral 2024
441

Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky irki döwürlerden bäri tebigatda bolup geçýän hadysalara örän ünsli çemeleşipdir. Ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryny kesgitlemek bilen, olary paýhas eleginden geçirip, dogry netijeleri alyp bilipdirler. Şoňa görä-de, hojalyk işlerini Aý-Gün senenamasyna laýyklykda ýola goýupdyrlar.

Ata-babalarymyz şüdügär sürümini, tekizleýiş işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny bermek, ekin ekmegiň dogry wagtyny meýilleşdirmek, baglara serenjam bermek, olaryň guran şahalaryny aýyrmak, düýplerini ýumşatmak ýaly işleri ýyldyz senenamasynyň Başky garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Ahyrky garagyş ýaly döwürlerinde bolup biläýjek howa üýtgeşmelerini nazarda tutmak bilen, amala aşyrypdyrlar. Çarwalar bu möwsümi özleriniň iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürlerinde howa şertlerine laýyk taýýarlykly garşylapdyrlar. Asyrma-asyr, nesilme-nesil ýöredilýän synçylyk bolsa, olary dilgir etmändir. Şonuň üçin ýyldyz senenamasy biziň günlerimizde-de öz ähmiýetini ýitirenok diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Şeýle bolansoň, bizem türkmen halkynyň ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasy barada mirasgär, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary Çerkez Allajykowdan ady agzalýan senenamada çarwa nowruzy döwründäki howanyň üýtgeşmeleri bilen baglanyşykly, onuň özboluşly aýratynlyklary hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda Çerkez aga bu barada bize şeýle gürrüň berdi:

Taýýarlan Allaberdi SAPARGELDIÝEW, öz habarçymyz.