Gözel ýerlere gezelenç

20 Fewral 2024
546

Golaýda ýaşlaryň gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary taryhy ýerler bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Bathyz döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda goraghananyň muzeýine gezelenç guraldy. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan gadymy ýadygärlikler bilen tanyş boldular. Şeýle-de, bu goraghananyň ýolbaşçysy Ilham Çaryýewiň, goraghananyň kiçi ylmy işgäri Akmyrat Geldiýewiň täsirli gürrüňini diňlediler. Olar ýaşlara goraghananyň taryhy, häzirki wagtda goraghanada ýola goýulýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gözel ýerlere guralan gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy.