Watanyň ýaşajyk waspçylary

8 Ýanwar 2024
457

6-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda bilimde, sportda we sungatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanan çagalary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi.

Türkmen ýaşlarynyň üstünligini Diýarymyzyň guwanjy hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny nesillerimiz ýörelge edinip, diňe kämillige ymtylýarlar. Aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz goýan körpe bagşy Gulbabanyň adyny göterýän Çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşik hem ýaş nesilleri has-da kämilleşdirmek, olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilýär.

"Nesil".