«Hazar» — tebigatyň gözel künjegi

2 Ýanwar 2024
507

Türkmenistanda bar bolan 9 sany tebigy goraghananyň içinde «Hazar» döwlet tebigy goraghanasy ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Çünki onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimden gowragyny deňiz suwunyň akwatoriýalary eýeleýärler. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan ençeme dürli temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol temalar goraghananyň meýdanlarynda bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlary toplap, ylmy taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Hazar deňziniň gözelligi onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hazar ýakasynyň tebigaty haýran galdyryjy köpdürlüdir. Goraghanada dürli ösümlikleriň 419 görnüşi bellige alnyp, onuň köp bölegi Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýerleşendir. Hazarda ýaşyl, gyzyl, goňur suwotular agdyklyk edýär.

Deňzi mesgen edinen haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, olaryň käbirleriniň ýokary derejede endemik hasaplanylmagydyr. Ylymda endemik diýlip, şol bir ýerde ýaşaýan, başga ýerlerde asla duş gelmeýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerine aýdylýar. Şonuň üçin olaryň onlarça görnüşleri kenarýaka döwletleriň Gyzyl kitaplaryna, şeýle-de halkara Gyzyl kitabyna girizilendir.

Elmira ROZUMOWA,
«Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň hünärmeni.