Milli gymmatlyklaryň ähmiýeti

23 Dekabr 2021
1592

Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjegine bezeg berýän Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaradaky taryhy çykyşy milli medeniýetimizi çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Milli Liderimiz: «Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir» diýip nygtamak bilen, behişdi bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, edermen türkmen alabaýlarymyzyň aýratynlyklary barada aýdan ylmy maglumatlary milli buýsanjymyzy artdyrdy.

Maýa BAÝMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar