HALKYMYZYŇ MILLI MIRASY DÜNÝÄDE DABARALANÝAR
2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de “Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.Soňra Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp bol