Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Milli buýsanjymyz

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Ata-babalarymyz türkmen alabaý itlerini idetmäge gaty ir döwürden başlapdyrlar. Muňa gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýurdumyzyň çäginden gadymy it süňkleriniň tapylmagy  hem şaýatlyk edýär. Garagumuň eteklerinde ýaşan, çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny alabaý itsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýazyjy-şahyrlarymyz öz eserlerinde türkmen alabaý itleriniň keşbini wepalylygyň, mertligiň, gaýratlylygyň, namysjaňlygyň ajaýyp nusgasy hökmünde suratlandyrýarlar. Bu hakykatdan hem şeýle. Bu itler çöl-beýewanda çopanlaryň iň ýakyn hossarydyr. Pederlerimiz şeýle wepaly dostuna aýratyn gadyr-gymmat goýupdyrlar. Olaryň idedilişine, saklanyşyna aýratyn üns beripdirler.

Milli gymmatlygymyzyň şanyna uly toý tutular

Halkymyzyň arasynda aýdylýan «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen jümleler türkmenleriň alabaý itlerini durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrendiklerini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýoluny dowam etdirip, nesilden-nesle geçirmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

«Bir ýyl tut ekseň...»

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň dürli ir-iýmişler, daragtlar, ekinlerdir ot-çöpler hakynda döreden gysgadan anyk sözleri olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýär. Biz hem şolaryň käbiri dogrusynda beýan etmegi makul bildik. «Buýanly topragyň berekedi egsilmez»

«...Reň kylar jahan peýda»

Şu bahar — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy bahary. Halkymyzyň baky baharyna öwrülen Garaşsyzlygymyz milli däplerimizi, şol sanda asyrlaryň jümmüşinden gelýän Nowruz däplerimizi hem gaýtaryp berdi. Ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Milli bahar baýramy türkmen Diýaryna täze ýylyň buşlukçysy bolup gelýär. Bu baýrama ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolsa eýýäm baýramçylyk sergisine badalga berildi. Ol «Gelse Nowruz äleme...» diýlip atlandyrylýar.

Gymmatlyklarymyz dünýä muzeýlerinde

2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde hem-de muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň muzeýleri bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň belli muzeýleriniň arasynda bu ugra degişli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik döretdi. Biz gazetimiziň şu sanynda şol halkara ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Pýotr I adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýiniň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Stanislaw Belskiniň hem-de Ukrainanyň Kiýew şäheriniň taryhy muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň ylmy işler boýunça orunbasary Aleksandr Paşkowskiniň halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli gadymy gymmatlyklar barada gürrüň berýän makalalaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Kalbymyzyň soltany

Dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ynsan ömri, durmuşyň manysy ene bilen baglydyr. Çünki ene ömrüni öz perzendine durmuşyň ähli ugurlary babatda terbiýe, öwüt bermäge, ilkinji bilimi, ylmy öwretmäge, kesp-käre, söýgüli hünärine ugrukdyrmaga bagyşlaýar. Ýagşylyklaryň ýarany bolup ýaşaýan enäniň bu «bagyşlamasy» perzent üçin onuň durmuşynda ykbal kesgitleýji, iň gymmatly peşgeşdir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ýagşy işler edip, ynsan hormatyna mynasyp bolan adamyň geljekki nesli hem ýagşy işleri gaýtalaýar. Başda süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berýär. Çeşmäniň suwunyň gözbaşynda süýji bolşy ýaly, aýagynda hem süýjüdir.

Gadymy gala we kerwensaraý

Bäherden etrabynyň golaýynda Garagum sährasynyň alaňlarynyň arasynda ýerleşen ilki «Täk ýazyr» ady bilen tanalan, IX — XIV asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan galalaryň we kerwensaraýlaryň biri «Şähryslamdyr». Ol ýerde gazuw-barlag işleri 1930-njy, 1948-nji, 1960-njy ýyllarda dürli alymlar tarapyndan geçirilipdir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan 2017-nji ýylda gazuw-barlag işleri ýaýbaňlandyryldy.

Geçmişe syýahat

Topragymyzyň üstündäki taryhy ýadygärlikler — ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly barada gürrüň berýän gyzykly kitaby ýadyňa salýar. Sebäbi olaryň her biriniň özboluşly taryhy, geçmişi, rowaýaty bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi has giňedi. Şonuň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç ýadygärlikleri we Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, şeýle-de Abywerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda, Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň hanasynda ýerleşýän binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary Türkmenistanyň medeni mirasynyň sanawyna girýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Abywerd, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärliklerinde, Dehistan ybadathana metjidinde hem-de Isgendergala ýadygärliginde, Köneürgenç kerwensaraýynda, Amul galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Daş

Paýhaslylyk ýörelgesi

Halkymyzyň däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitaby milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän tapylgysyz eserdir. Kitapdaky adamzadyň durmuş tejribesine esaslanýan kämil garaýyşly pikirler ýaş nesli çuňňur bilim almaga, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýan çuň mazmunly rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşyp, her bir okyjyda belent duýgulary oýarýar. Kitapda milliligimiz uly buýsanç bilen beýan edilýär. Durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, agzybirlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, döwletlilik ýol-ýörelgesi, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler, şeýle hem türkmenleriň taryhy eýýamy, onuň milli medeni mirasy, ruhy-ahlak gymmatlygy, hoşniýetliligi baradaky oý-pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiz halkymyzyň buýsançly, şöhratly taryhyna özboluşly däp-dessurlaryna, medeni mirasyna, milli medeniýetine hemişe belent sarpa goýýar. Halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagy üçin binýat bolan medeni mirasymyzy giňden öwrenmegiň, ony gorap saklamagyň, geljekki nesillere ýetirmegiň zerurlygy baradaky pikirler bolsa, kitapda giňden beýan edilýär.

Dürli ýyllaryň depderlerinden

Şahyrlar Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow dagy bolup, öýde goşgy okaşyp otyrdyk. Gapymyzdan bir ýaş şahyr girdi. Esli salym diňläp oturdy-da, ol hem goşgy okamaga isleg bildirdi. Goşgularynyň hiç hili täsir döretmändigini aňdymy, nätdimi, gedemlik bilen ýüzümize seretdi: — Siziň üçiňizem goşgy okamagyň ussady. Şonuň üçinem goşgularyňyz has oňat ýaly görünýär. Men... öz goşgularymy okamagy başaramok.

Ýedi hazyna

Halkymyzda ýedi hazyna hakynda köp gürrüň edilýär. Bu barada hemmeler eşiden hem bolsa, ol her ýerde her hili sanalýar. Belli mirasgär Ümür Esen ýedi hazynany iki dürli sanap, birinji sanawy goşgy setirlerini ýadyňa salýar: Ekseň ekin,Baksaň goýun,Okasa oglan,Dokasa hatyn,Mäkiýan (towuk),Mädiýän (ýylky),Gäwüýan (gäwüşleýän mal, düýe).

Edebi eserlerde nakyllar

Halk döredijiligimiziň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdiler, läleler, hüwdüler we nakyllar ata-babalarymyzyň paýhasyndan dörän gymmatlyklarymyzdyr. Pederlerimizden şu günümize gelip ýeten nakyllar halk döredijiligimiziň iň kämil görnüşleriniň biridir. Halk döredijiligi çeper we many-mazmuna baý bolan sözleriň jeminden emele gelen dürdäne pikirlerdir. Şahyrana döredijiligiň esasy bölekleri bolan küştdepdiler, hüwdüler, läleler, ýaremezanlar, monjugatdylar we toý aýdymlary owaz bilen ýerine ýetirilýär. Emma nakyllara bu häsiýet mahsus bolman, mesaýy gürrüň esasynda dörän çeper sözlerdir. Nakyllar nesilden-nesle geçip, kämilleşip we çeperleşip biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Dürdäneler ummany

Agzybirlik, mertlik, ynsaplylyk, edep-terbiýelilik pederlerimiziň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen ýol-ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynda hem şol ýol-ýörelgeler, ynsany agzybirlige, edep-terbiýä çagyrýan, durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmagy ündeýän pikirler esasy orny eýeläp, olar ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby hem nesil terbiýesi babatda gymmatly gollanmadyr, ata Watanymyza bolan belent söýgä ygrarly, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi ýaran edinen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk mekdepdir. Şan-şöhrata beslenen taryhymyzdan, şu günümizden we geljegimizden, ynsaplylyk, dostluk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgelerden söz açýan bu eserde halkymyzyň zähmetsöýerligi, abadan ýaşaýşa, ylym-bilime bolan ymtylyşy, Watana bolan söýgüsi, agzybirligi, ynsaplylygy baradaky pikirler beýan edilýär. Asyrlaryň dowamynda halk tarapyndan sünnälenip, birkemsiz timarlanan tymsallaryň, hekaýatlaryň, rowaýatlaryň kitapda ýerleşdirilmegi ylymdan ýüki ýetik nesilleri kemala getirmekde, olaryň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

«Görogly» şadessanynda Watan mukaddesligi

Watan düşünjesi halkymyzda iň uly mukaddeslik hasaplanýar. Aslynda, diňe türkmenler däl, eýsem, dünýäniň ähli milletleri üçin Watandan eziz gymmatlyk ýok bolsa gerek. Her bir halk öz ýurduny gözüniň göreji ýaly aýap saklaýar. Şoňa görä, ata-babalarymyz Watan düşünjesini ähli zatdan belentde goýupdyrlar. Ýurduny goramak, halkyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek her bir türkmeniň ilkinji borjy hasaplanypdyr. Watan öňündäki belent borç hakyndaky düşünjeler edebiýatymyza, milli mirasymyza giňden ornaşyp, ençeme beýik eserler döräpdir. Nusgawy şahyrlarymyz mert ýigitleri, olaryň gahrymançylyklaryny wasp edýän goşgudyr dessanlary döredipdir. Bu günki günde Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň hem-de beýleki ägirtleriň şygyrlary watanperwerligiň senasy bolup ýaňlanýar. Türkmen dessanlary hem halkymyzyň şöhratly taryhyny, gahrymançylyklaryny beýan edýän naýbaşy eserler bolmak bilen, ýaşlary dessanlaryň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Oguz han atamyzyň: “Ser bereris, ýer bermeris” diýen jümlesi ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Halkymyz Salyr Gazanyň, Däli Domrulyň, Döwletýar begiň we beýleki taryhy şahsyýetleriň gahrymançylyklaryny özlerine nusga edinipdirler. Olaryň arasynda Görogly beg has-da tapawutlanýar. Görogly beg türkmen halkynyň asylly sypatlaryny, edermenligini, şahandazlygyny özün

Ussat tüýdükçidi, talapkär halypady

Amyderýanyň kenaryndaky obalarda kemala gelen, ýaşlygyndan ykbalyny türkmen aýdym-sazlaryna baglap, kesp-käri bilen il arasynda adygan zehinli bagşylar köp. Olaryň dürli döwürlerde käbir sebäplere görä, goňşy welaýatlara göçüp gidenleri hem bar. Ärsary bagşy ussa Batyr ogly, Ýoldaş bagşy, Çary jyga şeýle bagşylardyr. Olar Mary welaýatyna göçüp, şol ýerde kesp-kärini dowam etdiripdiler. XIX asyrda Hojambaz etrabynda doglup önüp-ösen Ärsary atly bagşylaryň ikisiniň hem il arasyndaky abraýy belent bolupdyr. Ilkinjisiniň hakyky ady Seýit bolupdyr. Beşirli bu dutarçy bagşy Kerkide ýaşap geçen Kyrkar bagşynyň atasy Durdy bagşynyň halypasydyr. Ikinjisi, Ärsary bagşy ussa Batyr ogludyr. Onuň etrabyň haýsy obasynda ýaşap geçendigi henize çenli bize mälim däl. Rus sazşynaslary W.Uspenskiý bilen W.Belýaýew «Türkmen sazy» atly kitabynyň ikinji jiltindäki türkmen sazandalarynyň sanawynda bu bagşy hakynda «Ärsary ussa Batyr ogly, tüýdükçi. (1840-1895). Merwde aradan çykan» diýen setirler bar.

Kitap — egsilmeýän ruhy hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň dostlukly dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitiren beýik işleri ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri çuň mazmuna beslenen birnäçe bölümleri bilen türkmençilik taglymyny, onuň ruhy baýlygyny, ajaýyp ýörelgelerini many-mazmun, durmuş wakalary bilen baýlaşdyryp has-da beýige galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kitapda çuň mazmun bilen beýan edýän: «Geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak we ony ertire ýetirmek her bir döwrüň öňündäki gaýragoýulmasyz borçdur. Her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklaryny men şunda görýärin. Umman ýaly ruhy we maddy baýlygyň eýesi bolan il-halkym bagtlydyr. Onuň abadanlygynyň binýadyny gurmakda, goý, bize rowaçlyk ýaran bolsun!» diýen parasatly jümlelerini tolgunman okamak mümkin däl. Bu jümlelerde mähriban halkymyzyň goja taryhyň dowamynda kemala getiren ruhy baýlygyna uly sarpa goýulýar. Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Gadymy Merwde, Gürgençde, Nusaýda ş

Ýüreklerde orun alan şahyrym

Golaýda şeýle at bilen Wekilbazar etrabynyň A. Gandymow geňeşligindäki Watan oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrapdaky 7-nji we 34-nji orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyny oba medeniýet öýüniň medeni çäreleri guramaçysy Bibi Altyýewa alyp bardy. Bu ýerde Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Nartäç Ýusupdurdyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň Watan oba medeniýet öýüniň ýanyndaky şahamçasynyň kitaphanaçysy Bilbil Gurbanmyradowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şahyryň ömri-döredijiligi, ýüreklerde orun alan eserleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, şahyr N. Ýusupdurdyýewanyň okap beren goşgulary we fortepiano saz guralynda ýerine ýetiren aýdym-sazlary hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Aşygy alçy gopan

Ir döwürlerde ata-babalarymyz ýatkeşligini güýçlendirmek, ýiteltmek, akylyny goýaltmak maksady bilen küşt, düzzüm, «Gurt gabaldy”, «Keçe-keçe” oýunlaryndan daşary, aşyk bilen «Urup ýykdy”, «Tänderdi”, «Sülmek”, «Üçem”, «Ýedaşyk”, «Ogry tutdum” oýunlaryny-da oýnapdyrlar. Aşyklary ýörite gyrdap, gurşun guýup, owadan reňklere boýap, her hili at dakyp ulanar ekenler. Sakga — içine gurşun guýup boýalan aşyk.

Gülgün gülli, ak bossanly keçeler

Türkmeniň öý goşlarynyň arasynda esasy orunda durýan keçe hemme döwürde-de, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýän milli senetlerimiziň biridir. Keçäniň birtopar aýratynlyklary onuň gymmatyny has-da beýgeldýär. Ol öýi mör-möjeklerden goraýar, gyşyna ýyly, tomsuna salkyn saklaýar. Saglyk üçin bejerijilik häsiýeti örän ýokary bolan bu milli mirasyň bezeg aýratynlyklary-da ünsi çekijidir. Bir tarapy dürli görnüşli nagyşlara beslenip, beýleki ýüzi ak ýüň bilen ýüňlenýän keçäni iki ýüzüne-de ýazyp ulanyp bolýar. Ýazanyňda ýumşak, arassa bolmagy üçin ýygy-ýygydan Güne serilýän keçeleriň gülli tarapy öýüň içini aňyrsyna göz ýetmeýän lälezarlyga öwürse, daňdanyň ýesir ediji ak säherini ýada salyp duran arka tarapyny düşäniňde, giň otagy, göýä diýersiň, ak bägülli meýdana öwürýär. Ene-mamalarymyzdyr gyz-gelinlerimiziň köpçülik bolup ýerine ýetirýän bu işiniň başynda taryhy rowaýatlar aýdylýar, gyzykly gürrüňler edilýär. Ana, onsoň, täze «dünýä inýän» keçäniň döredijilikli işine gatnaşýan çeper elli, gözel kalply zenanlaryň ählisi taryhy rowaýatyň bir parçasyna öwrülýär gidiberýär.

«Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz...»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetini, edebiýatyny ösdürmek, kämilleşdirmek meselesine uly üns berilýär. Şol nukdaýnazardan milli dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, ylym, bilim, döredijilik bilen baglanyşykly birnäçe işler amala aşyrylýar. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň döredijiligi hem-de olaryň bitiren işleri öwrenilýär, ebedileşdirilýär. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de, özüniň gymmatly, baý edebi mirasy bilen uly meşhurlyga eýe bolan Magtymguly Pyragydyr. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek hakynda Karar kabul etdi. Bu Karar ähli ulgamlar bilen bilelikde, kitaphana işgärlerine hem joşgunly işlemäge itergi berdi. Milli Liderimiz: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewlerin kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýmek bilen, akyldar şa