Halkymyzyň däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitaby milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän tapylgysyz eserdir. Kitapdaky adamzadyň durmuş tejribesine esaslanýan kämil garaýyşly pikirler ýaş nesli çuňňur bilim almaga, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýan çuň mazmunly rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşyp, her bir okyjyda belent duýgulary oýarýar. Kitapda milliligimiz uly buýsanç bilen beýan edilýär.
Durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, agzybirlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, döwletlilik ýol-ýörelgesi, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler, şeýle hem türkmenleriň taryhy eýýamy, onuň milli medeni mirasy, ruhy-ahlak gymmatlygy, hoşniýetliligi baradaky oý-pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiz halkymyzyň buýsançly, şöhratly taryhyna özboluşly däp-dessurlaryna, medeni mirasyna, milli medeniýetine hemişe belent sarpa goýýar. Halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagy üçin binýat bolan medeni mirasymyzy giňden öwrenmegiň, ony gorap saklamagyň, geljekki nesillere ýetirmegiň zerurlygy baradaky pikirler bolsa, kitapda giňden beýan edilýär.