Geçmişe syýahat

11 Mart 2021
1808

Topragymyzyň üstündäki taryhy ýadygärlikler — ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly barada gürrüň berýän gyzykly kitaby ýadyňa salýar. Sebäbi olaryň her biriniň özboluşly taryhy, geçmişi, rowaýaty bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi has giňedi. Şonuň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç ýadygärlikleri we Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, şeýle-de Abywerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda, Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň hanasynda ýerleşýän binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary Türkmenistanyň medeni mirasynyň sanawyna girýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Abywerd, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärliklerinde, Dehistan ybadathana metjidinde hem-de Isgendergala ýadygärliginde, Köneürgenç kerwensaraýynda, Amul galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Daşrabat (Daňdanakan) ýadygärliginde we Uly Gyzgalada gazuw-agtaryş hem-de dikeldiş işleri geçirildi. Bu sanawy Gadymy Nusaýda, Goňurdepede we beýleki taryhy ýerlerde alnyp barlan hem alnyp barylýan ylmy-barlag we gazuw-agtaryş işleri bilen baglanyşyklylykda has-da uzaldyp bolar. Bu ugurda dünýäniň dürli döwletleriniň iri ylym ojaklary bilen hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýlandygy has-da guwandyryjydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň alyslary nazarlaýan öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde taryhyň gatlaryna syýahat guraýan, alyslary ýakyn edýän, halklary dostlaşdyrýan şeýle tutumly işleriň geriminiň has-da giňejekdigine bolan ynamy goşalandyrýar.

Mähriban ERSARYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar