Milli buýsanjymyz

15 Mart 2021
1818

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Ata-babalarymyz türkmen alabaý itlerini idetmäge gaty ir döwürden başlapdyrlar. Muňa gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýurdumyzyň çäginden gadymy it süňkleriniň tapylmagy  hem şaýatlyk edýär.

Garagumuň eteklerinde ýaşan, çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny alabaý itsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýazyjy-şahyrlarymyz öz eserlerinde türkmen alabaý itleriniň keşbini wepalylygyň, mertligiň, gaýratlylygyň, namysjaňlygyň ajaýyp nusgasy hökmünde suratlandyrýarlar. Bu hakykatdan hem şeýle. Bu itler çöl-beýewanda çopanlaryň iň ýakyn hossarydyr. Pederlerimiz şeýle wepaly dostuna aýratyn gadyr-gymmat goýupdyrlar. Olaryň idedilişine, saklanyşyna aýratyn üns beripdirler.

Alişer MATÝAKUBOW,
welaýat gümrükhanasynyň Diýarbekir gümrük nokadynyň maýory.
Beýleki habarlar