Edebi eserlerde nakyllar

11 Mart 2021
1689

Halk döredijiligimiziň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdiler, läleler, hüwdüler we nakyllar ata-babalarymyzyň paýhasyndan dörän gymmatlyklarymyzdyr. Pederlerimizden şu günümize gelip ýeten nakyllar halk döredijiligimiziň iň kämil görnüşleriniň biridir.

Halk döredijiligi çeper we many-mazmuna baý bolan sözleriň jeminden emele gelen dürdäne pikirlerdir. Şahyrana döredijiligiň esasy bölekleri bolan küştdepdiler, hüwdüler, läleler, ýaremezanlar, monjugatdylar we toý aýdymlary owaz bilen ýerine ýetirilýär. Emma nakyllara bu häsiýet mahsus bolman, mesaýy gürrüň esasynda dörän çeper sözlerdir. Nakyllar nesilden-nesle geçip, kämilleşip we çeperleşip biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.
Beýleki habarlar