Gülgün gülli, ak bossanly keçeler

10 Mart 2021
1448

Türkmeniň öý goşlarynyň arasynda esasy orunda durýan keçe hemme döwürde-de, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýän milli senetlerimiziň biridir. Keçäniň birtopar aýratynlyklary onuň gymmatyny has-da beýgeldýär. Ol öýi mör-möjeklerden goraýar, gyşyna ýyly, tomsuna salkyn saklaýar. Saglyk üçin bejerijilik häsiýeti örän ýokary bolan bu milli mirasyň bezeg aýratynlyklary-da ünsi çekijidir.

Bir tarapy dürli görnüşli nagyşlara beslenip, beýleki ýüzi ak ýüň bilen ýüňlenýän keçäni iki ýüzüne-de ýazyp ulanyp bolýar. Ýazanyňda ýumşak, arassa bolmagy üçin ýygy-ýygydan Güne serilýän keçeleriň gülli tarapy öýüň içini aňyrsyna göz ýetmeýän lälezarlyga öwürse, daňdanyň ýesir ediji ak säherini ýada salyp duran arka tarapyny düşäniňde, giň otagy, göýä diýersiň, ak bägülli meýdana öwürýär. Ene-mamalarymyzdyr gyz-gelinlerimiziň köpçülik bolup ýerine ýetirýän bu işiniň başynda taryhy rowaýatlar aýdylýar, gyzykly gürrüňler edilýär. Ana, onsoň, täze «dünýä inýän» keçäniň döredijilikli işine gatnaşýan çeper elli, gözel kalply zenanlaryň ählisi taryhy rowaýatyň bir parçasyna öwrülýär gidiberýär.

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar