2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde hem-de muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň muzeýleri bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň belli muzeýleriniň arasynda bu ugra degişli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik döretdi. Biz gazetimiziň şu sanynda şol halkara ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Pýotr I adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýiniň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Stanislaw Belskiniň hem-de Ukrainanyň Kiýew şäheriniň taryhy muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň ylmy işler boýunça orunbasary Aleksandr Paşkowskiniň halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli gadymy gymmatlyklar barada gürrüň berýän makalalaryny okyjylarymyza ýetirýäris.