«Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz...»

9 Mart 2021
1548

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetini, edebiýatyny ösdürmek, kämilleşdirmek meselesine uly üns berilýär. Şol nukdaýnazardan milli dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, ylym, bilim, döredijilik bilen baglanyşykly birnäçe işler amala aşyrylýar. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň döredijiligi hem-de olaryň bitiren işleri öwrenilýär, ebedileşdirilýär. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de, özüniň gymmatly, baý edebi mirasy bilen uly meşhurlyga eýe bolan Magtymguly Pyragydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek hakynda Karar kabul etdi. Bu Karar ähli ulgamlar bilen bilelikde, kitaphana işgärlerine hem joşgunly işlemäge itergi berdi. Milli Liderimiz: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewlerin kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýmek bilen, akyldar şahyra uly hormat goýýar.

Hurma TÄÇMÄMMEDOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar