Dürdäneler ummany

10 Mart 2021
1346

Agzybirlik, mertlik, ynsaplylyk, edep-terbiýelilik pederlerimiziň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen ýol-ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynda hem şol ýol-ýörelgeler, ynsany agzybirlige, edep-terbiýä çagyrýan, durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmagy ündeýän pikirler esasy orny eýeläp, olar ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby hem nesil terbiýesi babatda gymmatly gollanmadyr, ata Watanymyza bolan belent söýgä ygrarly, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi ýaran edinen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk mekdepdir.

Şan-şöhrata beslenen taryhymyzdan, şu günümizden we geljegimizden, ynsaplylyk, dostluk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgelerden söz açýan bu eserde halkymyzyň zähmetsöýerligi, abadan ýaşaýşa, ylym-bilime bolan ymtylyşy, Watana bolan söýgüsi, agzybirligi, ynsaplylygy baradaky pikirler beýan edilýär. Asyrlaryň dowamynda halk tarapyndan sünnälenip, birkemsiz timarlanan tymsallaryň, hekaýatlaryň, rowaýatlaryň kitapda ýerleşdirilmegi ylymdan ýüki ýetik nesilleri kemala getirmekde, olaryň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gülzada GARDYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar