"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bilelikdäki başlangyçlara uly gyzyklanma

19-20-nji martda Katar Döwletine ilkinji döwlet saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy iki ýurduň hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Katarly işewürleriň bu baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklananyňda, olaryň türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny aýdyň görmek bolýar. Nabil ABU ISSA,«Abu Issa Holding» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary:

Türkmenistan — Katar: dostluk, hoşniýetlilik, ynanyşmak

Mälim bolşy ýaly, 19-20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletinde boldy. Bu gezekki sapar hyzmatdaşlygyň baý tejribesini hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. IŞEWÜRLIK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirdi. Sergeý Lebedew Türkmenistanda saýlawlara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini belledi. Şunda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ugurdaş kanunçylyga, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi nygtaldy.

Dosta dogan diýen iller gardaşdyr

Hormatly Prezidentimiziň Katara ilkinji döwlet sapary barada söhbet Ýaşaýyş bar ýerinde ýagtylyk, adam bar ýerinde birek-birek bilen gatnaşyk bar. Gatnaşyk ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, halklary, milletleri özara ysnyşdyrýar, döwletleriň hyzmatdaşlygyny berkidýär. Ol özara düşünişmege, ynanyşmaga, parahatçylyga esaslanyp alnyp barlanda, netijelilik has ýokary bolýar. Türkmenistan bilen Katar Döwletini, ilkinji nobatda, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki ýurduň hem howpsuz, asuda döwletler hökmünde ykrar edilmegi baglanyşdyrýar, netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup durýar. Muny Arkadagly Serdarymyzyň 19-20-nji martda döwlet sapary bilen Katarda bolmagy, onuň dowamynda ençeme resminamalara gol çekilip, hyzmatdaşlyk babatda möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy nobatdaky gezek tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýakyn Gündogar sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Katar Döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2023-nji ýylyň 19-20-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary strategik derejä çykarylan türkmen-katar hyzmatdaşlygynda täze sahypany açdy.

Saýlawlar aç-açanlykda geçiriler

22-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabat, 23-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mizemez dost-doganlygyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sebitde, şeýle-de halkara derejede durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen dünýäniň köp döwletleriniň, şol sanda doganlyk Türkiýäniň arasynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça asylly däbe öwrülen hyzmatdaşlyk döwrebap ösdürilýär. Çünki dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk doganlyk-dostluk ýörelgelerine esaslanýar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ysnyşykly gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Bu gatnaşyklar taryhy kökleri bir bolan türkmen we türk halklarynyň milli, medeni hem-de ruhy umumylygyndan güýç alýar.

Nowruz baýramy — halkara giňişlikde

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda halkara baýramçylyk derejesi berlen Nowruz güni Diýarymyzyň çar künjeginde giňden dabaralandyryldy. Nowruz halklaryň arasynda dostlugy, özara ynanyşmagy, şeýle-de ählumumy derejede parahatçylygy we raýdaşlygy berkitmäge goşant goşýan özboluşly baýram bolup durýar. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň ştab-kwartirasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Yragyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hemişelik wekilhanalarynyň başlangyjy bilen guralan bu çärä BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň başlygy, şeýle-de gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleridir ilçileri gatnaşdylar.

Türkmen syýahatçylygy dünýäniň nazarynda

20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Habarçymyz halkara maslahatyň çäklerinde oňa hormatly myhman hökmünde çagyrylan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça sekretariatynyň medeni miras boýunça geňeşçisi, taryh ylymlarynyň kandidaty Ji Ýun Li bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen-katar gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara we gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisiniň amala aşyrylandygyny bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 19-20-nji martda bu dostlukly ýurda bolan ilkinji döwlet sapary hem türkmen-katar syýasy dialogynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýan möhüm waka öwrüldi. Bilelikdäki işewürlik başlangyçlaryna çagyryş

Ynsanperwerlik, özara goldaw we raýdaşlyk türki halklaryň mizemez däbidir

Türkmen halkyny Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. 16-njy martda Ankara şäherinde bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi. Sammitiň barşynda ýertitreme zerarly Türkiýe Respublikasyna berlen ynsanperwerlik kömegine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, şu çylşyrymly döwürde TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň doganlyk raýdaşlygyny görkezip, türk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berendigini bellemek gerek.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

Ene. Çaga. Erteki

«Bahar» diýlende, adamlaryň hyýalynda ýaňy pyntyk ýaran gunçalaryny göterip duran baglar janlanyp biler. Meniň welin, bu pasyl agzalsa, ýaňy dünýä inen balasyny gujagynda göterip duran ene göz öňüme gelýär. Bir şahyr: «Ýaşaýyş «eje» diýen sözden başlanýanlygy üçin mukaddesdir» diýse, ýazyjylaryň biri: «Ynsan balasynyň ilkinji sözüniň «eje» bolmagyndan çen tutsak, onda adamzadyň döreden ilkinji sözi hem «eje» bolmaly» diýýär. Ene barada öňem kän aýdyldy, köp zat ýazyldy. Lew Uspenskiý: «Eje dünýäniň ähli dillerinde iň mukaddes söz» diýýär. «Eje», «мама», «mother», «anne», «madre», «ma» sözleriniň hemmesiniň manysy bir. Biz hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň ýaşaýjysy, ýazyjylar birleşiginiň agzasy, filolog, mugallym-psiholog, ençeme halkara baýraklarynyň eýesi, ýazyjy zenan Anna Sergeýewna Gonçarowa bilen internet arkaly söhbetdeş bolup, onuň nesil terbiýesinde enäniň orny, ene bolmak bilen ýazyjy bolmagyň arabaglanyşygy baradaky pikirlerini size ýetirmegi makul bildik. — Anna Sergeýewna, siz 2015-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly halkara kitap sergisine «Белый город» neşirýatynyň önümleri bilen gatnaşypdyňyz. Şonda siziň özboluşly döredijiligiňiz bilen has-da ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandyk. «Ynsan duýgusyna täsir eden zatlary hiç wagt ýatdan çykarmaz» diýip, bir ýazyjynyň belleýşi ýaly, söhbetdeşli

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

Do­ha uza­ýan ýol — dos­ta uza­ýan ýol

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ka­tar Döw­le­ti­ne döw­let sa­pa­ry ha­kyn­da söh­bet 19-njy mar­tyň öý­lä­ni Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den as­ma­na gö­te­ri­len uçar «Arap aý­la­gy­nyň dü­ri» ha­sap­lan­ýan Ka­ta­ryň paý­tag­ty­na ugur al­dy. Iki sa­gat­dan gow­rak wagt­lyk men­zil. Do­ha uza­ýan ýol­lar. Dos­ta uza­ýan ýol­lar...

Katar metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katara bolan döwlet sapary häzirki zaman türkmen-katar gatnaşyklarynyň taryhynda wajyp, tapgyrlaýyn waka boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy heniz taýýarlyk tapgyrynda tutuş dünýä metbugatynyň, ilkinji nobatda, katar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Olar saparyň öň ýanynda we sapar günlerinde öz sahypalarynda däp bolan gatnaşyklaryň taryhyna hem-de ony has-da ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan uly makalalary hem-de aýry-aýry habarlary, fotoreportažlary ýerleşdirdiler. * Kataryň iri habarlar gullugy bolan «Katar Habarlar Agentligi» (QNA) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň wakalarynyň ählisini giňişleýin beýan etdi. Agentligiň habarlarynda, hususan-da, katarly maýadarlar bilen geçirilen duşuşyk, ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri, Türkmenistanyň Dohadaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy we saparyň medeni maksatnamasynyň çäginde barlyp görlen ýerler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapdy. «Doha duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ony ähli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, energetika, bilim, sport, durmuş ulgamlary boýunça has-da ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip, agentligiň resmi web saýtyndaky habarlaryň birinde bellenilýär.

Bilimi zorlar saýlanar

Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamy boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem aýdyň mysaldyr. Şu ýyl iki döwletiň arasynda gazanylan ylalaşyklar esasynda, türkmenistanly ýaşlaryň 155-si Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler.

Türkmenistan Orta geçelgesinde ýönekeýleşdirilen üstaşyr meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy. Çäre Bakuwda geçdi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär. Duşuşykda taraplar üstaşyr gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmegiň mehanizmlerini işläp düzmegi we ornaşdyrmagy we araçäkden geçmek tertibini tizleşdirmegi, ýagny e-TIR, e-CMR, e-Permit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýän gepleşikler

Ýakynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işleri, esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. KPMG – bu audit, salgyt we maslahat hyzmatlaryny berýän halkara kompaniýalar ulgamy bolup durýar.  KPMG-niň 147 ýurtdaky ofislerinde 219 000 sany işgärler zähmet çekýär. KPMG-niň esasy wezipesi dünýä bazaryndaky ýagdaýlary seljermekden, strategiýa we telekeçilik çemeleşmelerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.