Ynsanperwerlik, özara goldaw we raýdaşlyk türki halklaryň mizemez däbidir

23 Mart 2023
521

Türkmen halkyny Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. 16-njy martda Ankara şäherinde bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi. Sammitiň barşynda ýertitreme zerarly Türkiýe Respublikasyna berlen ynsanperwerlik kömegine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, şu çylşyrymly döwürde TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň doganlyk raýdaşlygyny görkezip, türk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berendigini bellemek gerek.

Beýleki habarlar