Saýlawlar aç-açanlykda geçiriler

24 Mart 2023
423

22-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

«Watan».
Beýleki habarlar