Ene. Çaga. Erteki

23 Mart 2023
1218

«Bahar» diýlende, adamlaryň hyýalynda ýaňy pyntyk ýaran gunçalaryny göterip duran baglar janlanyp biler. Meniň welin, bu pasyl agzalsa, ýaňy dünýä inen balasyny gujagynda göterip duran ene göz öňüme gelýär. Bir şahyr: «Ýaşaýyş «eje» diýen sözden başlanýanlygy üçin mukaddesdir» diýse, ýazyjylaryň biri: «Ynsan balasynyň ilkinji sözüniň «eje» bolmagyndan çen tutsak, onda adamzadyň döreden ilkinji sözi hem «eje» bolmaly» diýýär. Ene barada öňem kän aýdyldy, köp zat ýazyldy. Lew Uspenskiý: «Eje dünýäniň ähli dillerinde iň mukaddes söz» diýýär. «Eje», «мама», «mother», «anne», «madre», «ma» sözleriniň hemmesiniň manysy bir. Biz hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň ýaşaýjysy, ýazyjylar birleşiginiň agzasy, filolog, mugallym-psiholog, ençeme halkara baýraklarynyň eýesi, ýazyjy zenan Anna Sergeýewna Gonçarowa bilen internet arkaly söhbetdeş bolup, onuň nesil terbiýesinde enäniň orny, ene bolmak bilen ýazyjy bolmagyň arabaglanyşygy baradaky pikirlerini size ýetirmegi makul bildik.

— Anna Sergeýewna, siz 2015-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly halkara kitap sergisine «Белый город» neşirýatynyň önümleri bilen gatnaşypdyňyz. Şonda siziň özboluşly döredijiligiňiz bilen has-da ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandyk. «Ynsan duýgusyna täsir eden zatlary hiç wagt ýatdan çykarmaz» diýip, bir ýazyjynyň belleýşi ýaly, söhbetdeşligimiziň başyny Watanymyzyň sizde galdyran täsirleri baradaky ýakymly ýatlamalar bilen başlaýsak.

Söhbetdeşligi taýýarlan Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar