Katar metbugatynyň sahypalarynda

23 Mart 2023
438

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katara bolan döwlet sapary häzirki zaman türkmen-katar gatnaşyklarynyň taryhynda wajyp, tapgyrlaýyn waka boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy heniz taýýarlyk tapgyrynda tutuş dünýä metbugatynyň, ilkinji nobatda, katar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Olar saparyň öň ýanynda we sapar günlerinde öz sahypalarynda däp bolan gatnaşyklaryň taryhyna hem-de ony has-da ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan uly makalalary hem-de aýry-aýry habarlary, fotoreportažlary ýerleşdirdiler.

* Kataryň iri habarlar gullugy bolan «Katar Habarlar Agentligi» (QNA) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň wakalarynyň ählisini giňişleýin beýan etdi. Agentligiň habarlarynda, hususan-da, katarly maýadarlar bilen geçirilen duşuşyk, ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri, Türkmenistanyň Dohadaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy we saparyň medeni maksatnamasynyň çäginde barlyp görlen ýerler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapdy. «Doha duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ony ähli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, energetika, bilim, sport, durmuş ulgamlary boýunça has-da ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip, agentligiň resmi web saýtyndaky habarlaryň birinde bellenilýär.

Beýleki habarlar