Nowruz baýramy — halkara giňişlikde

24 Mart 2023
411

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda halkara baýramçylyk derejesi berlen Nowruz güni Diýarymyzyň çar künjeginde giňden dabaralandyryldy. Nowruz halklaryň arasynda dostlugy, özara ynanyşmagy, şeýle-de ählumumy derejede parahatçylygy we raýdaşlygy berkitmäge goşant goşýan özboluşly baýram bolup durýar. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň ştab-kwartirasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Yragyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hemişelik wekilhanalarynyň başlangyjy bilen guralan bu çärä BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň başlygy, şeýle-de gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleridir ilçileri gatnaşdylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar