Bilimi zorlar saýlanar

23 Mart 2023
457

Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamy boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem aýdyň mysaldyr.

Şu ýyl iki döwletiň arasynda gazanylan ylalaşyklar esasynda, türkmenistanly ýaşlaryň 155-si Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar