Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

23 Mart 2023
439

Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

Beýleki habarlar