Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

24 Mart 2023
366

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirdi. Sergeý Lebedew Türkmenistanda saýlawlara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini belledi. Şunda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ugurdaş kanunçylyga, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi nygtaldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar