"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Iki gymmatlygyň aýrylmaz baglanyşygy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistanyň daşary syýasatyna aýratyn işjeňlik ýagdaýy mahsus. Bu ýagdaýy daşary syýasat edarasy hem-de onuň degişli düzümleri tarapyndan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň has döwrebap hem-de ýörgünli usullarynyň giňden peýdalanylýandygy hem-de iş ýüzünde ornaşdyrylýandygy bilen düşündirse bolar. Ýurt Baştutanymyzyň sebit we halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat bähbitlerinden ugur almak bilen, halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligi yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň milli kanunçylyk esaslary Esasy Kanunymyzyň 2-nji we 9-njy maddalaryndaky konstitusion kadalarda göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Türkmenistanyň

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, beýik işlere beslenýär. Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ösmeginiň, halkymyzyň rahat, asuda ýaşamagynyň sakasynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, öňdengörüjilikli, oýlanyşykly işleri durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty goňşy halklar we dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara giň ýol açýar. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýylýar. Şunda baky Bitaraplygymyzyň hem mynasyp ornunyň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki baky Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýä ýaýylmasydyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär». Görnüşi ýaly, baky Bitaraplygymyz halkymyzyň we umumadamzadyň ösüşlerini üpjün etmekde ýol-ýörelge bolup durýa

Hoşniýetli ýörelgeleriň nusgasy

Parahatçylygy ýörelge edinip, dünýä asudalyk nuruny çaýýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende galmagy her bir ildeşimizi buýsanja besleýär, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Parahatçylykly syýasaty öňe sürýän Türkmenistanyň sebitde möhüm üstaşyr-ulag geçiriji hökmündäki derejesini berkidýändigini Gahryman Arkadagymyz ýygy-ýygydan belleýär. Bu çuňňur many-mazmunly, parasatly ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär we dünýä ýaýýar. Çünki Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli, oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda hem tagalla edýär. Hormatly Prezidentimiz ösüş we parahatçylyk düşünjeleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şu iki gudrata daýanyp belent sepgitleri eýeleýändigini paýhasly belleýär.

Dostana gatnaşyklar — parahatçylygyň aýdyň beýany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, beýik taglymatlary esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Hemişe parahatçylygy ösdürýän Türkmenistanda bu ugurda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Çünki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeler, ilkinji nobatda, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi wagyz etmekden ybaratdyr. Parahatçylygy dörediji başlangyçlar bütin adamzada ýagty geljegi, belent ösüşleri bagyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şeýle ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýar. Bu başlangyçlar aslynda häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň möhüm ugruny kemala getirmegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna sarpa goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Şeýle ynsanperwer häsiýetler türkmen halkynyň milli aýratynlygyna mahsusdyr. Türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleri, ynsanperwer gymmatlyklary, demokratik kadalary we parahatçylyk döredijil

Dost-doganlygyň ýörelgesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halk we umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Halkymyzyň parahat durmuşy bolsa parahatçylykda, agzybirlikde jemlenendir. Çünki parahatçylyk, agzybirlik, dostluk bahasyz gymmatlykdyr. Munuň özi bagtly durmuşyň gözbaşydyr. Parahatçylyga sarpa goýýan, agzybirligi ýörelge edinen halk hemişe belent üstünliklere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna, parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde parahatçylyk taglymatyny barha rowaçlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan parahatçylygy döretmek sungatyny bütin ýer ýüzüne ýaýýar. Hemişe ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi öň

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýoly

Taryhda ýatdan çykmajak seneler bolýar, olar halkyň hakydasyna ykbal özgerdiji sene hökmünde müdimilik ýazylýar. Ynha, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhyna baky ýazyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýär. Munuň özi beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna gönükdirilen işinde möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy möhüm gymmatlyga öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk — gymmatly taglymat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şahyryň: Ösüşleriň bedew bady bagta sary rowandyr,  Bitaraplyk ýörelgämiz dowamata dowamdyr —

Parahatçylyk we ynanyşmak: ählumumy ösüşiň gözbaşy

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara düşünişmegi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde öňe sürüp, ähli halklar üçin parahatçylygy goldamaga we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bolup dünýä dolan bu başlangyjy halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde tüýs ýürekden makullanylýar hem-de uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän her bir maksatnamasy, netijeli alyp barýan daşary syýasat işi bütin dünýäde ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi umumadamzadyň üns merkezinde duran halkara meseleleri ulgamlaýyn esasda doly we netijeli çözmegiň, öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm guralydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Onuň düýp özeni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň 106-njy umumy mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarynyň tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrylýandygyny, ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer

Parahatçylygyň baş sütüni

1995-nji ýylda dünýä diplomatiýasy derejesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy ýaş Türkmenistan döwleti üçin sebit howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm resminama boldy. Döwletimiziň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti paýhasyndan kemala gelýän başlangyçlar bu gün goňşy döwletler bilen parahatçylykly ýaşamagy goldamak, dost-doganlyk gatnaşygyny berkitmek ýörelgelerinde netijeli amala aşyrylýar. Bu babatda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiz üçin aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy.

Parahatçylygyň belent nusgasy

Garaşsyz Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň gerimini barha giňeldýär. Hemişelik Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, dabaralandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň baş mukaddeslikleriniň biridir. Çünki diňe parahatçylygyň bar ýerinde beýik ösüşleri, bagtyýar durmuşy gazanyp bolýar. Aslynda, parahatçylyk adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan bolsa adamzadyň bu gymmatlygynyň mizemez ýol-ýörelgelerini döredip, dünýä halklarynyň arasynda dostluk-doganlygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň berkemegine we ösmegine deňsiz-taýsyz goşant goşýar. Türkmenistan halklaryň ösüşini nazarlaýan başlangyçlary yzygider beýan edýär. Munuň özi hem ýurdumyzyň dünýäde belent abraýa eýedigini, beýik işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň beýan edýär.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

8. Ösüş arkaly parahatçylyk Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny ýöredýändigimizi, bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen subut edýändigimizi nygtaýar. Elbetde, bu ýol Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň asuda durmuşda päk zähmet çekmeginiň esasy ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ykdysady ösüş diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda mümkindir. Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watandaşlarymyzyň tutuş süňňüne, kalbyna ornaşandygyny guwanç bilen bellemek gerek. Eziz Diýarymyz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden başlap, iri halkara guramalarda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda örän möhüm syýasy, ykdysady hem-de ekologik başlangyçlary öňe sürüp, parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde halkara abraýyna mynasyp boldy. Şeýlelikde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, sebit we dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga önjeýli goşant goşýan ýurda, ynanyşmagyň, ylalaşygyň merkezine, çalt depginlerde senagatlaşýan ýurda öwrüldi.

Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bütin dünýäde adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini — parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm ugurlary dabaralandyrýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy Bitaraplygymyzyň kökleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmen halkynyň geçmişine we geljegine bolan ynamyndan alyp gaýdýandygyny doly tassyklaýar. Pähimdar pederlerimiz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdir. Açyk ýürekliligiň, raýdaşlygyň kämil edep-kadalaryny durmuşa ornaşdyran halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly köp halklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ykdysady, syýasy we medeni sazlaşygyň deňsiz-taýsyz ulgamyny döredipdir. Şoňa baglylykda, eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan gününden bäri umumadamzat parahatçylygy babatda ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Bu gün ýurdumyzyň parahatçylyk ýörelgeleri bütin adamzadyň gymmatly baýlygy bolup, giň halkara jemgyýetçiliginde uly ähmiýete eýe bolan ýörelgeleriň birine öwrüldi. Örän oýlanyşykly hem-de parahatçylykly alnyp barylýan da

Parahatçylyk — baky bagtymyz

Baky Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlygynyň baş sütünleriniň biridir. Baky Bitaraplyk halkymyza asudalykda erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, batly gadamlar bilen beýik ösüşlere tarap öňe gitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli ýörelgesi gözbaşyny şöhratly taryhymyzdan alyp gaýdýar. Pähimdar pederlerimiz dost-doganlyga, halklaryň medeniýetine uly sarpa goýupdyrlar. Biziň nusgawy edebiýatymyzda, atalar sözümizde, rowaýatlarymyzda, ertekilerimizde ata Watany, ene topragy, özbaşdaklygy, erkinligi, parahatçylygy söýmäge çagyryş aýratyn orun alýar. Munuň özi türkmen halkynyň asylly ýörelgesinden, milli dünýägaraýşyndan kemal tapýar. Çünki parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýermek ata-babalarymyzyň baş maksady bolupdyr. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik milli ýörelgelerimiz bolup, uzak taryhyň dowamynda kämilleşdirilipdir, ösdürilipdir. Şonuň üçin hem parahatçylygy has-da ösdürmekde türkmen halkynyň kämil tejribesi bar, taryhdan gözbaş alýan aýdyň ýoly bar.

Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugry

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli ýörelgelere esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy has hem ýokarlanýar. Çünki bu taryhy senede Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini hem-de hemişelik Bitaraplyk toýuny uludan baýram edýär. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygy ykrar edilip, oňa hemişelik Bitarap döwlet derejesi berildi. Şondan soňraky geçen şöhratly döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýäde dabaralanmagy bilen, 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Parahatçylyk — hoşniýetli ýörelge

Beýik ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy her birimizi örän buýsandyrýar. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, bütin dünýäde parahatçylygy ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarda tutup, halklaryň ösüşine oňyn täsir edýär. Bu babatda aýdanymyzda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda möhüm Kararnamalaryň kabul edilendigini aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä giňişliginde diýseň uludygyna doly şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşandynyň bardygyny ykrar edýär. Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde diýseň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Häzirki zamanyň möhüm syýasy, medeni meseleleri boýunça ýurdumyz gepleşikleriň hem-de möhüm halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ata Watanymyzda üstünlikli geçirilýän halkara derejeli maslahatlar Türkmenistanyň ynanyşmagy nazarlaýan belent maksatlarynyň barha rowaçlanýandygyny bütin äleme ýaýýar. Şeýle belent maksatlar hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen beýik taglymaty bilen

Arkadagyň beýik başlangyçlary

hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir Žurnalistikany «ykbalym» diýip saýlaňsoň, bar pikir-oýuň nämedir bir zatlar ýazyp, köňlüňdäkileri ile ýetirmek arzuwy bolaýýar eken. Edil häzirem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň, onda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýetini hertaraplaýyn açyp görkezmek üçin başy başlanan makalalar toplumyny dowam etdirmegiň pikirinde ýörün. Dogrusy, bu barada nämeler ýazaryn diýip çuň oýa batmagam zerur däl. Netijeli, işjeň daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalaryň yzy üzülenok. Ynha, milli Liderimiziň 14-nji sentýabrda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, 15-nji sentýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine onlaýn usulda gatnaşyp, çykyş etmegi bolsa ulag diplomatiýasy hakda ýazjaklarymyza esas boldy...

Hoşniýetliligiň asylly ýörelgesi

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň parahatçylykly, hoşniýetli daşary syýasatynyň ýol-ýörelgesini kesgitleýär we dünýä äşgär edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak türkmen halkynyň belent hem-de umumadamzat bähbitli ýörelgeleridir we maksatlarydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak hoşniýetliligi özünde jemleýän ynsanperwer ýörelgelerdir. Olar parahatçylygyň mizemez binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen islendik ugurlar boýunça iki tarapa hem bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin açykdygy bellenilýär. Munuň hut şeýledigine eziz Diýarymyzda öňe sürülýän «Açyk gapylar» syýasaty aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini dünýä ýaýýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Hoşniýetliligiň beýik nusgasy

Eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä ýaýylýar. Parahatçylyk söýüjilik ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny dünýä bileleşigi doly goldaýar. Dünýäde ählumumy howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde ýurdumyz tarapyndan möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Türkmenistanyň dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilkinji nobatda dostlukly hem-de bähbitli gatnaşyklara gönükdirilýär. Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär, hoşniýetli gatnaşyklardan ugur alýar. Umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Aşgabat, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy. Gün tertibine sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ekologiýa ugrundaky göreşde, sanlylaşdyrmagy, ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de durmuş özgertmelerinde zenanlaryň orny bilen bagly möhüm meseleler girizildi.