Iki gymmatlygyň aýrylmaz baglanyşygy

3 Noýabr 2021
1309

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistanyň daşary syýasatyna aýratyn işjeňlik ýagdaýy mahsus. Bu ýagdaýy daşary syýasat edarasy hem-de onuň degişli düzümleri tarapyndan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň has döwrebap hem-de ýörgünli usullarynyň giňden peýdalanylýandygy hem-de iş ýüzünde ornaşdyrylýandygy bilen düşündirse bolar. Ýurt Baştutanymyzyň sebit we halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat bähbitlerinden ugur almak bilen, halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligi yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň milli kanunçylyk esaslary Esasy Kanunymyzyň 2-nji we 9-njy maddalaryndaky konstitusion kadalarda göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda onuň esasy ýörelgeleri kesgitlenendir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara hukuk esaslary bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda kesgitlenilýär. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. 2017-nji ýylyň fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýörite Rezolýusiýa bilen berkidilen ýeke- -täk döwletiň Türkmenistandygy bellärliklidir.

Beýleki habarlar