Parahatçylygyň aýdyň ýoly

24 Oktýabr 2021
1397

Parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň asuda durmuşda päk zähmet çekmeginiň esasy ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ykdysady ösüş diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda mümkindir.

Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watandaşlarymyzyň tutuş süňňüne, kalbyna ornaşandygyny guwanç bilen bellemek gerek. Eziz Diýarymyz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden başlap, iri halkara guramalarda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda örän möhüm syýasy, ykdysady hem-de ekologik başlangyçlary öňe sürüp, parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde halkara abraýyna mynasyp boldy. Şeýlelikde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, sebit we dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga önjeýli goşant goşýan ýurda, ynanyşmagyň, ylalaşygyň merkezine, çalt depginlerde senagatlaşýan ýurda öwrüldi.

Amangül GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar