Dostana gatnaşyklar — parahatçylygyň aýdyň beýany

31 Oktýabr 2021
1277

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, beýik taglymatlary esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Hemişe parahatçylygy ösdürýän Türkmenistanda bu ugurda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Çünki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeler, ilkinji nobatda, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi wagyz etmekden ybaratdyr. Parahatçylygy dörediji başlangyçlar bütin adamzada ýagty geljegi, belent ösüşleri bagyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şeýle ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýar. Bu başlangyçlar aslynda häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň möhüm ugruny kemala getirmegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna sarpa goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Şeýle ynsanperwer häsiýetler türkmen halkynyň milli aýratynlygyna mahsusdyr. Türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleri, ynsanperwer gymmatlyklary, demokratik kadalary we parahatçylyk döredijilik ýoly ýurdumyzyň syýasatynda hem anyk beýan edilýär. Onuň esasy ugurlary — parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş, esasy ýörelgeleri bolsa — adamkärçilik, durmuş adalatlylygy, ýokary ruhubelentlik we ahyrky netijä ýetmäge çalyşmak. Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirýän her bir syýasatyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetine we mazmunyna kybap gelýän paýhasly taglymatlar we başlangyçlar bilen has-da baýlaşdyrýar.

Halklary, yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, dostlaşdyrýan ugurlaryň biri-de sport, sport ýaryşlarydyr. Şonuň üçin sport halkara gatnaşyklarynyň medeniýeti hökmünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige hem-de birek-biregiň güýjüne ynam döredýär. Sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerleri bolsa şowhunly baýramçylygy ýadyňa salýar. Çünki sport ynsanyýetiň kalbynda birek-birege sarpany, sylagy hem-de ynamy berkidýär, hoşniýetli gatnaşyklara, rowaçlyklara badalga bolýar. Sport ulgamyny has-da ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikler diýseň buýsandyryjydyr. Sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda möhüm orny bar. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň sagdyn ösmeginde, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagynda uly orny eýeleýär.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar