Parahatçylygyň aýdyň ýoly

2 Noýabr 2021
1340

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, beýik işlere beslenýär. Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ösmeginiň, halkymyzyň rahat, asuda ýaşamagynyň sakasynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, öňdengörüjilikli, oýlanyşykly işleri durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty goňşy halklar we dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara giň ýol açýar. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýylýar.

Şunda baky Bitaraplygymyzyň hem mynasyp ornunyň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki baky Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýä ýaýylmasydyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär». Görnüşi ýaly, baky Bitaraplygymyz halkymyzyň we umumadamzadyň ösüşlerini üpjün etmekde ýol-ýörelge bolup durýar. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň parahatçylygy we ösüşleri nazarlaýandygyny aýdyň beýan edýär.

Begenç ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar