Hoşniýetliligiň beýik nusgasy

14 Oktýabr 2021
1510

Eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä ýaýylýar. Parahatçylyk söýüjilik ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny dünýä bileleşigi doly goldaýar. Dünýäde ählumumy howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde ýurdumyz tarapyndan möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.

Türkmenistanyň dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilkinji nobatda dostlukly hem-de bähbitli gatnaşyklara gönükdirilýär. Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär, hoşniýetli gatnaşyklardan ugur alýar. Umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar