Parahatçylyk — hoşniýetli ýörelge

19 Oktýabr 2021
1360

Beýik ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy her birimizi örän buýsandyrýar. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, bütin dünýäde parahatçylygy ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarda tutup, halklaryň ösüşine oňyn täsir edýär. Bu babatda aýdanymyzda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda möhüm Kararnamalaryň kabul edilendigini aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä giňişliginde diýseň uludygyna doly şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşandynyň bardygyny ykrar edýär.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde diýseň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Häzirki zamanyň möhüm syýasy, medeni meseleleri boýunça ýurdumyz gepleşikleriň hem-de möhüm halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ata Watanymyzda üstünlikli geçirilýän halkara derejeli maslahatlar Türkmenistanyň ynanyşmagy nazarlaýan belent maksatlarynyň barha rowaçlanýandygyny bütin äleme ýaýýar. Şeýle belent maksatlar hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen beýik taglymaty bilen berk baglanyşyklydyr. Belent ynsanperwerlikli häsiýetleri, umumadamzat bähbitli çözgütleri özünde jemleýän bu taglymat ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň özenini düzýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barha giňeltmäge ýardam edýär.

Tirkeş ŞALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar