Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugry

20 Oktýabr 2021
1263

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli ýörelgelere esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy has hem ýokarlanýar. Çünki bu taryhy senede Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini hem-de hemişelik Bitaraplyk toýuny uludan baýram edýär.

Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygy ykrar edilip, oňa hemişelik Bitarap döwlet derejesi berildi. Şondan soňraky geçen şöhratly döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýäde dabaralanmagy bilen, 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar