Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

21 Oktýabr 2021
1502

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bütin dünýäde adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini — parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm ugurlary dabaralandyrýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy Bitaraplygymyzyň kökleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmen halkynyň geçmişine we geljegine bolan ynamyndan alyp gaýdýandygyny doly tassyklaýar. Pähimdar pederlerimiz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdir. Açyk ýürekliligiň, raýdaşlygyň kämil edep-kadalaryny durmuşa ornaşdyran halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly köp halklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ykdysady, syýasy we medeni sazlaşygyň deňsiz-taýsyz ulgamyny döredipdir. Şoňa baglylykda, eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan gününden bäri umumadamzat parahatçylygy babatda ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Bu gün ýurdumyzyň parahatçylyk ýörelgeleri bütin adamzadyň gymmatly baýlygy bolup, giň halkara jemgyýetçiliginde uly ähmiýete eýe bolan ýörelgeleriň birine öwrüldi.

Örän oýlanyşykly hem-de parahatçylykly alnyp barylýan daşary syýasat eziz Watanymyza halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin amatly şertleri döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz durmuş-ykdysady we medeni taýdan pajarlap ösýär. Eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk, birek-biregi hormatlamak ýaly ýörelgelerden ugur alýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup durýar.

Merjen TÄÇMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar