"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Mähirli gutlaglaryň ýaňy

Ajap eýýamymyzda mähriban halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Bu toý-baýramlar mähriban Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren ajap eýýamynda aýratyn şowhun-şagalaňa beslenip, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şirin aýdym-sazlara, şowhunly tanslara beslenip, giňden bellenilýän baýramçylyk dabarasy gadymy türkmen topragyna baharyň gelendigini buşlaýar. Bu baýramçylygyň aýratynlygy şu günler mähriban enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan sylag-sarpanyň buýsançly belentliklere çykýanlygyndadyr. Milli Liderimiziň aladasy bilen türkmen zenanlarynyň abadan durmuşda zähmet çekip, bagtly günlerde ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Zenan kalbymyzyň alkyşy

Türkmen halky gadym eýýamlardan bäri zenan maşgalalara bimöçber uly sarpa goýup gelipdir. Öýüň söýesi hasaplanylýan zenan mertebesi belende göterilip, onuň at-abraýy bütin maşgalanyň, obanyň, abraýy hasaplanylypdyr. Diýmek, bu günki günde “Dünýäniň bar görki enedir-ene” diýýän türkmeniň bu ýörelgesi özüniň gözbaşyny juda aňyrdan alyp gaýdýar. Munuň şeýledigine halk döredijiligine salgylansaňam, beýik Magtymgula ýüzlenseňem, göz ýetirip bolýar. Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Bir asyry arka atan ene

Bir asyry arka atan ene mähirli garşylap, «Geleweri, balam!” diýýär welin, dünýäň giňelýär. Salam-helikden soň, durşy bilen nakyla meňzeş sözlerini diňläp, soraglarymy berýän. «Ogulgözel daýza, tüweleme, ýüz ýaşapsyňyz, gutly bolsun!”. «Sag bol, balam”. «Size güneşli Türkmenistanyň ilkinji mugallymlarynyň biri diýýärler” diýdim welin, Ogulgözel daýza söze başlady. — Rastdyr, balam. 1930-njy ýylda ilkinji alym, magaryfçy, terjimeçi hökmünde uly hormata eýe bolan obadaşym Allaguly Garahanowyň Mary şäherinde esaslandyran ýaşlar mekdebine okuwa girdim. Iki ýyldan türkmen, rus dilleri boýunça ders berýän mugallym bolup, obamyzdaky mekdepde çaga okadyp başladym. Kolhozymyzyň şähere ýakynlygy üçin men rus, ermeni çagalary bilen bile oýnaýardym. Ol bolsa dürli dilleri öwrenmegime, ösmegime ýardam berýärdi. Galyberse-de, kolhozyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän kakam Kömek Aly «Halal kesbi tap diýseler çaga okatmakdan halal zat ýok” diýip, ejem Enejanam ony goldap, ikisi meniň kynçylyk çeken ýerimde kömek, goldaw berdiler. Ilki obamyzda, soň durmuşa çykan ýerimde, mekdepde okuwçylara harby ugurdan tälim berýän gaýynatamyň ogly Çepi Amma oglunyň ýardamy bilen 1942-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde mugallym, çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Şol ýerde hem soň etrap magaryf bölümine ýolbaşçy bolan Agahan Batyra gabat geldim. Menden üç ý

Pensiýalaryň görnüşleri

Türkmenistanda pensiýalaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär: - ýaşy boýunça pensiýa;

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B. Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

8-nji mart gutlagy

Bahar baýramyňyz gutlaýan menem, Owadan gelinler, owadan gyzlar!

Sowgat gowşuryldy

Golaýda „«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda bu kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlara däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň her ýylda berýän pul sowgady hem-de kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bahar bägülleri ýaly owadan zenanlara gutlag sözleri aýdyldy. Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň özlerine goýýan sylag--hormatyndan ruhlanýan mährem eneleriň, zeminiň gül-gunçasy bolan gelin-gyzlaryň ýürek buýsançlary bu günki gün dillerinde joşgunly ýaňlanýar.

Zenan görki zähmetde

TAP-nyň welaýat komitetiniň guramagynda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynyň medeniýet öýünde “Zenan görki zähmetde” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärede oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän arçyn zenanlara TAP-nyň welaýat komitetiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu çärede TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy Gurbandurdy Mawyýew, Mary şäher komitetiniň hünärmeni, Gaýgysyz Magtymow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çäräni Ýolöten etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazlar bilen bezedi.

Zenan — mertebe tugy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda aýal-gyzlaryň sarpasy belent tutulýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem göreldeli zähmet çekmek bilen, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza, ak ýürekden gulluk edýärler. Maşgalanyň mähek daşy, mertebe tugy hasaplanylýan dünýä mähribanlyk, zemine nuranalyk paýlaýan, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan mährem eneler asylly zenanlar, ynsan ykbalynyň kuýaşydyr. Şonuň üçin hem zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleriniň biridir. Türkmen gelin-gyzlary özlerini asyrlaryň dowamynda watansöýüji, ar-namysly, ak ýürekli, salyhatly, mylaýym, güler ýüzli, çeper hünärli, asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Milletimiziň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan, beýik geçmişinde iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän gelin-gyzlar Watany, ar-namysy goramakda türkmen medeniýetini baýlaşdyrmakda ö

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ýurdumyzyň ähli ýerinde ilatyň saglygy ugrunda düýpli alada edilýär. Şonuň ýaly- -da saglyk merkezleri, sagaldyş öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ol ajaýyp binalar häzirki döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen üpjün edilip, halka hyzmat edýär. Murgap etrap hassahanasynyň maslahat beriş bölüminiň lukmanlary gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Hassahananyň göz lukmany Annaberdi Babaýew hem gelýän näsaglara maslahat berip, bejergi işlerini geçirýär. Ol bu hassahanada birnäçe ýyl bäri zähmet çekip gelýär we ilatyň alkyşyna eýe bolýar.

Ynsan hakynda alada

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak milli Liderimiziň ilatyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Häzirki döwürde bütin dünýä ýüzünde ýaýran ýiti öýken ýokanjy bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaý munuň şeýledigini ýene-de bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň tagallalary bilen ýurdumyza ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işler turuwbaşdan yzygiderli amala aşyryldy. Netijede, biziň ýurdumyz dünýäde bu howply kesel resmi taýdan hasaba alynmadyk az sanly döwletleriň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar. 2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S. Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Ýurdumyzyň gadamlary batlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlanýan eziz Diýarymyz bedew bady bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde, bilimde, sportda döwlet ähmiýetli, halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna bolan yhlasynyň miweleridir. Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň dost-doganlyk köprüleri çar tarapa uzaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär.

Ekişe taýýarlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň uly goldawyndan ruhlanyp welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleri hem ýere hyzmat etmek, täze ýerleri özleşdirmek işlerinde uly sepgitlere eýe bolýarlar. Pudagymyzyň işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň agzalary Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp beren tehnikalaryny we gurallaryny önümçilikde ulanmakda uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde Arkadag Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbini tutmak işlerini geçirmek üçin ýörite kebşirleýji enjamlar hem-de bejeriji ussalar, nobatçy awtoulaglar we tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň jogapkär hünärmenlerinden ybarat 77 sany ýörite sürüm topary döredildi. Şeýlelikde, welaýatymyz boýunça sürüm işlerine gatnaşmak üçin 316 sany sürüm traktorlary meýilleşdirildi. Bulardan başga-da pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerinde ulanyljak oba hojalyk gurallaryny, ýagny, gowaça ekijiler, kultiwatorlar, çuň ýer ýumşadyjylar, dişli boronolar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň howlularyna ýygnalyp abatl

Hasyl idege bagly

Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem belent sepgitleri eýeleýär. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Özleri barada edilýän alada jogap edip daýhanlar bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, şeýle hem gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy başarýan tejribeli kärendeçileriň biri hem Murgap etrabynyň «Murgap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakajan Akmämmedowdyr. Ol daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 8 gektar ýerinde üzümiň bereketli hasylyny ýetişdirýär. Kakajan aga üzüm ýetişdirmek işi bilen 15 ýyl bäri meşgullanýar. Geçen ýyllaryň içinde ýeterlik tejribe toplan kärendeçi bilen duşuşanymyzda köp ýyllyk ekin bolan üzümi ýetişdirip idetmek boýunça TAP-nyň Mary şäher, Murgap etrap birleşmeleri bilen bilelikde özara pikir alşyldy. Şonda K. Akmämmedow bu ekinden bol hasyl almagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi:

Bahar bägülleri ýaly...

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Golaýda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli TDP--niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa dürli pudaklarda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň zenanlary gatnaşdylar.

Parahatçylyk — döwlet syýasatynyň esasy ugry

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda görlüp-eşidilmedik eşretli zamana ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen içeri hem daşary syýasatymyzda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Parahatçylygyň tarapdary bolan Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişliginde at-abraýy barha rowaçlanýar. Munuň düýp özeninde ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hemişelik Bitaraplygy bar. Çünki, Garaşsyz döwletimiz parahatçylyk ýoly bilen ähli ulgamlarda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär.