Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5 Mart 2021
700

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B. Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar