Ynsan hakynda alada

5 Mart 2021
866

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak milli Liderimiziň ilatyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Häzirki döwürde bütin dünýä ýüzünde ýaýran ýiti öýken ýokanjy bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaý munuň şeýledigini ýene-de bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň tagallalary bilen ýurdumyza ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işler turuwbaşdan yzygiderli amala aşyryldy. Netijede, biziň ýurdumyz dünýäde bu howply kesel resmi taýdan hasaba alynmadyk az sanly döwletleriň biri bolmagynda galýar.

Beýleki habarlar