"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýewi çagyrdy.

Eksport mümkinçiligi giňeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilmegine kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan depginli we durnukly ösdürmekde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da ýokary netijeler gazanyldy. 2020-nji ýylda gazanylan uly üstünliklere ruhlanan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlete degişli bolmadyk çygryň — telekeçiligiň ösdürilmegine iňňän uly ähmiýet berilýär. “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýmek bilen hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilýär. Telekeçileriň ýadawsyz aladalary bilen ýokary hilli harytlaryň we önümleriň bolçulygy döredilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz önüm öndürijileriň öňünde daşary ýurtlara eksport edilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri goýdy. Şu iňňän wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde telekeçilere uly ornuň degişlidigini ýatlam

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Daýhan hojalygy ösüşde Adamyň ekleýjisi bolan ýerden bol hasyl alýan obahojalykçylar iki tarapa-da bähbitli bolan iş usullarynda zähmet çekmegi halaýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan hojalyklary döredilýär. Welaýatymyzda bu ugurda Baýramaly etraby has işjeňlik görkezýär. Döwlete bugdaý, pagta, gant şugundyryny, gök, bakja we beýleki önümleri tabşyrmakda abraýly netijelere eýe bolýan etrabyň birnäçe daýhan hojalyklary bar. Öňki “Mekan” daýhan birleşiginiň esasynda birnäçe daýhan hojalyklary döredildi. Olaryň birine tejribeli obahojalykçy Eziz Wallykow ýolbaşçylyk edýär. “Melhemli güller” diýlip atlandyrylan bu daýhan hojalygy 974 gektar ýere eýelik edýär. Bu barada E. Wallykow şeýle gürrüň berýär:

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Golaýda Murgap etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynda gazanylýan netijeler barada maslahat geçirildi. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädänowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ogulnäzik Mukymowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Wepa Täçmyradow çykyş etdiler.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň guramagynda kitaphananyň okalga zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa, «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Annageldi Källiýew, Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň ýaşaýjysy, şahyr Muhammetjuma Hydyrow çykyş etdiler. Şahyrlar bilen kitaphanaçylaryň arasynda bolan söhbetdeşlikde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri, döwet galamyndan dörän ajaýyp eserleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, şeýle-de, kitaphana ulgamyndaky özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Buýsanjymyz — eziz watan

Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bimöçber uly alada edýär. Şonuň netijesinde mähriban Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykyp, bedew bady bilen öňe barýar. Bu günki günde dünýäniň ençeme ýurdy bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny saklaýan Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy belende galdy. Türkmen döwletiniň, onuň dünýä boýunça ykrar edilen Lideriniň teklipleri, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty Milletler Bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Möhüm wezipelere garaldy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edara-kärhanalarda, guramalarda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň, hünär keselleriniň we beýleki düzgün bozulmalaryň öňüni almakda degerli işler yzygiderli geçirilýär. Bu işler bolsa önümçilikde zähmeti goramakda, tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.

Döredijilik bäsleşigi!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meselelerine aýratyn üns berip, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekde, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakda, haýwanlaryň we ösümlikleriň bioköpdürliligini geljekki nesillere ýetirmekde ummasyz uly işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda “Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýlip nygtalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa, daşky gurşawa, tebigaty gorap saklamaga we söýmäge bagyşlanan eserleriň döremegine giň ýol açmak maksady bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi “Maru — şahu jahan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde “Tebigat gözelligi — Watan gözelligi” ady bilen gazetiň okyjylarynyň arasynda alnan suratlar, makalalar, oçerkler, goşgular boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Ugur üstünlige tarap

Murgap etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Kadyr Atageldiýew diňe sapaklaryna göreldeli ýetişmek bilen däl-de, eýsem, sportuň küşt görnüşine yhlaslylygy bilen hem deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýar. — Kadyr küşt oýny bilen dört ýaşynda gyzyklanyp başlady. Munuň şeýle bolmagyna meniň özüm sebäpkär boldum. Men atly küştçi bolmasam hem köp ýyllardan bäri şu oýun bilen gyzyklanýaryn. Agtygymyň çagalykdan durmuş wakalaryna ünslüligini, ýatkeşligini duýup, men oňa küşt oýnamagy öwredip başladym. Ol bu oýun bilen barha içgin gyzyklanyp ugrady. Mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Agamyrat Çaryýew onuň ilkinji halypasy boldy. Soňra ol welaýatymyzda ussat küştçüleriň biri, tanymal tälimçi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alyp başlady. Kadyr 7-8 ýaşynda welaýat derejesinde çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde öňe saýlanmagy başardy — diýip, ýaşajyk küştçiniň atasy, mekdebimiziň halypa matematika mugallymy Mustapaguly Atageldiýew buýsanç bilen gürrüň berýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Balyň saglyga peýdasy Ary baly dünýäde giňişleýin ulanylýan süýji önümiň biridir. Ary balyndaky glýukoza bedeni diňe energiýa bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, bagyrdaky glikogeniň mukdaryny hem artdyrýar. Bu bolsa, belli bir derejede, bagryň zyýansyzlandyryjy işjeňligini güýçlendirýär. Emma ary baly köp mukdarda iýilse, bagryň işjeňligini peseldip bilýär. Häzirki wagtda ary balynda 60-dan gowrak maddanyň saklanýandygy anyklanylandyr. Ary balynyň peýdalylygy, güýçlüligi onuň haýsy ýerde nähili howa şertlerindedigine baglydyr.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Ýakynda Ýolöten etrabynyň sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşik üç ugurdan ybarat bolup, oňa gatnaşan okuwçylar ylmy-döredijilik, surat çekmek, el işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Maşgalanyň buýsanjy Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly derwaýys wezipäni öňde goýýar. Bu derwaýys meseläniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işlere içeri işler edaralarynyň degişli gullugynyň işgärlerem, saldamly goşantlaryny goşýarlar. Sebäbi nesil terbiýesi hemmämiziň aladamyz bolup, bagtyýar geljegimiziň aladasydyr.

Dostum sen

Sende bar yhlasym, kalbym, ýüregim, Başdan mährem hemra bolan dostum sen.

Saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Sakarçäge etrap ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begli Gurbanow bilen duşuşdy we saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýlip bellenilýär. Ýurdumyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň sany artýar. Şol saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekligi maslahat berýäris:

Säher hakda oýlanyp...

Her hal, säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar.

Paýhas jöwheri

Mahmyt Gaznalynyň köşk emiri, soňra danalygy bilen Horasanyň häkimi bolan Aýazhana paýhasyny synamak üçin birnäçe sorag beripdirler. — Iki dünýäde-de betbagt kim?

Pasyllar baradaky ýorgutlar

Ata-babalarymyz ot-çöpleri, janly-jandarlary, asman ahwalatlaryny synlap, pasyllar baradaky ýorgutlary, yrymlary, nakyllary nesillere miras goýupdyrlar. Gumlular şu günler hem çarwa hasaby bilen maldarçylyk işlerini aşakdaky ýorgutlara, aýtgylara görä ýöredýärler. Gyş gelenini burun biler, ýaz gelenini garyn biler

Öri meýdan maldarçylygy bilen baglanyşykly adalgalar

Alaçaýag [a:laçaýag] — garpyz toşabyna goýnuň guýruk ýagyny goşup taýýarlanýan datly önüm. Alagök [a:lagök] — öri meýdanlaryndaky saman otuň aşagyndan gök otuň gögerip çykyp başlamagy. Alagökde goýun ondan-oňa gezip, gök ota kowalaşýar.

Tymsallar

BAÝGUŞUŇ JOGABY Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökümi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir...

Rowaýat

SADAKA Ir döwürlerde bir ene ýalňyz ogly bilen ýaşaýar eken. Ýöne oglan juda ýarawsyz eken. Ene ogluny aýak üstüne galdyrmagy Alladan gije-gündiz dileg edýär.