Il saglygy — ýurt baýlygy

24 Fewral 2021
894

Balyň saglyga peýdasy

Ary baly dünýäde giňişleýin ulanylýan süýji önümiň biridir. Ary balyndaky glýukoza bedeni diňe energiýa bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, bagyrdaky glikogeniň mukdaryny hem artdyrýar. Bu bolsa, belli bir derejede, bagryň zyýansyzlandyryjy işjeňligini güýçlendirýär. Emma ary baly köp mukdarda iýilse, bagryň işjeňligini peseldip bilýär. Häzirki wagtda ary balynda 60-dan gowrak maddanyň saklanýandygy anyklanylandyr. Ary balynyň peýdalylygy, güýçlüligi onuň haýsy ýerde nähili howa şertlerindedigine baglydyr.

Beýleki habarlar