"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Jogapkärli wezipeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz daýhanlaryň, maldarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, möhüm çözgütleri we il-ýurt bähbitli taryhy ähmiýetli kararlary yzygiderli kabul edýär. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmegi has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde mallaryň baş sanyny artdyrmagy wezipe edip goýdy. Şu wezipäni berjaý etmek üçin dowardarçylykda olaryň baş sanyny tükel hem abat saklap, gowy ideg edilmegini gazanmak gerek.

Mynasyp dalaşgär görkezildi

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda barha, golaý gelýän saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemäge bagyşlanyp, etrap halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde garalan mesele boýunça etrap halk maslahatynyň kätibi, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, etrap halk maslahatynyň agzalary, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, etrabyň Gammarbaba Geňeşiniň arçyny Muhammet Gylyçmyradow çykyş etdiler. Olar dalaşgärlige hödürlenýäniň zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berip, onuň dalaşgärlige mynasypdygyny nygtadylar.

Maslahat — duşuşyklar geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda-da ýeňişli menziller rowaç alýar. Munuň bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy guwandyrýar. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek. TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli etrapdaky orta mekdeplerde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny giňişleýin düşündirmek maksady bilen milli ýörelgelerimizi, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlara düşündirmek boýunça terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Dokmaçylar bäsleşdiler

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçylaryň arasynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşik yglan edildi. Golaýda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp binada — “Bagt köşgüniň” toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma toplumlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň,Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň aýratyn öwüşgine eýedigini bellemelidiris. Sebäbi hemmämize mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bagtyýar halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ýurdumyzda «Ene sagdyn — çaga sagdyn» diýlenine eýerilip, enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu babatynda Murgap etrap hassahanasynyň akuşerçilik bölüminiň lukmanlarydyr göbegeneleri, şepagat uýalary sagdyn çaganyň dünýä inmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow hasabat berdi.

Bähbitli gatnaşyklaryň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulandygyndan habar berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanjak Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri hem taryhy wakalara beslenýär. Muny ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň işe girizilmegine ak pata bermeginde hem görmek bolýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany

Asuda döwrümiň waspyn ýetirip, Bagtyýar ilimiň saýraýar dili.

Özgertmeler ýol alýar

Çopançylygyň ody bilen girip, küli bilen çykýan merdanalaryň hemişe işi ilerleýär. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýleni. Çopan goýun-geçisini orta semizlikde, başbütin, tükel saklaýar. Şeýle maldarlar S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky, maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynyň “Galaýmor” maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynda hem bar. Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, mallaryň baş sanyny artdyryp, tohumlylygyny gowulandyryp gelýän maldarlaryň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Ylmy-önümçilik hojalygyna guramaçy, ýokary bilimli baş hünärmen Reýhan Muhadow ýolbaşçylyk edýär. Ol bize şu günlerki alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — Häzirki wagt Tagtabazar etrabynyň “Saryja” maldarçylyk hojalygy we Serhetabat etrabynyň “Galaýmor” maldarçylyk hojalygy birleşdirilip S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygyna degişli edildi.

Yhlasly zähmet — gowy netije

Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri Watanymyza ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrmak ugrunda aladalanyp, şu günler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar. Hojalykda bugdaý, gowaça, gant şugundyry ekin dolanyşygy esasynda ekilýär. Toprakdan bol hasyl almagyň girewini kärendeçiler işe bolan höwesiň bilen birlikde ekin dolanyşygynyň alnyp barylýandygynda görýärler. Daýhan birleşiginde «Daýhan— — mert, ýer — — jomart» diýlenine eýerip, jomart ýeriň dilini tapyp, toprakdan bol hasyl öndürmegi başarýan kärendeçilerden Muhammetbaýram Mämmedowy, Şaguly Jumaýewi, Gülşemşat Hümmedowany agzamak bolar.

Şanly senäniň dabaralary

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoly hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyndan gözbaş alýar. Ajap eýýamymyzyň “Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylynda-da ýokary netijeler gazanylýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän daşary syýasaty rowaç alyp, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatik işgärleri uly işleri bitirýärler. Golaýda Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde geçirilen dabaraly çäre-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy. Şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarygulyýewa, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň hünärmeni Gaýgysyz Magtymow, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Gurbanýazow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary

Telekeçiligiň bähbitli ýoly

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Meniň telekeçilikdäki ilkinji ädimlerim” atly bu duşuşyk “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň “Datly şerbeti” hususy kärhanasynyň mejlisler jaýynda guraldy. Bu çärä TSTP-niň welaýat we Mary etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow, TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Röwşen Geldimyradow, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň işçisi Şatäç Nurberdiýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işler barada durup geçdiler. Telekeçileriň haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu duşuşykda çykyş edenler ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda alyp barýan bähbitli işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Buýsançly ýyla sowgadymyz

Garaşsyz Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ak ertirine barýar. Bu ýoluň rowaç almagy bolsa, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyň, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň hem-de özara peýdaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine baglydyr. Bagtyýarlyk zamanamyzyň üstümizdäki ýylynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň ýeňişli ýolunyň baş şygaryna şaýatlyk edýär. Bu şygar türkmen halkynyň Türkmenistan döwletimiziň mundan beýlägem gülläp ösmeginiň hatyrasyna parahat, asuda we abadan durmuşda döredijilikli zähmet çekjekdigini dünýä äşgär edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Keselleriň öňüni almak ugrunda Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň mejlisler jaýynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda «Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň netijelidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny raýatlara tapgyrlaýyn geçirmek barada guralan wagyz-nesihat çäresine welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksat — zehinlini ýüze çykarmak Gülläp ösýän Türkmenistan döwletimizde okuwçy ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem okuwçylaryň ukyp--başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Borç duýgusynyň talaby Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da il-gün bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Adam hakdaky alada Garaşsyz, Bitarap döwletimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmakda-da öz beýanyny tapýar. Raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we erkinlikleriniň goralmagy demokratik we hukuk döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Elektrik enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, elektrik togy ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň abadan ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan ugur alyp, biz, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz işimizde welaýatymyzyň ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarynda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin degişli işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde elektrik ulgamlaryna hem aýratyn üns berip, näsaz enjamlary ýüze çykaryp, olaryň bejerilmegini gazanýarys.

Gözegçiligiň kämil usullary

Garaşsyz döwletimizde soňky ýyllarda ulaglaryň sany artyp, köçe-ýollarymyzyň gatnawy düýpli ýokarlandy. Maşgalalarymyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz bagly bolan ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe uly üns berýär. Şeýle hem ýollara we köçelere gözegçilik etmekde täze tehnologiýalardan we tilsimatlardan netijeli peýdalanylmagy giň gerime eýe bolýar. Köçelere we ýollara kämil usullaryň ornaşdyrylmagy bilen gözegçiligiň ýola goýulmagy köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bölümçämiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollaryna we köçelerine wideogözegçiligi amala aşyrmakda degerli işleri alyp barýarlar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýol gözegçiligi bölümimiz häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, ýollarymyzyň we köçelerimiziň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde gowy netijeler gazanylýar. Başgaça aýtsak, ýol hereket howpsuzlygynyň düzgünini bozýan sürüjileri täze tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýüze çykarmakda gözegçiligiň kämil usullaryndan peýdalanýarys. Köçelere we ýollara şeýle gözegçiligiň ýola goýulmagy ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünini bozýanlaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagyna getirýär.