"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Tymsallar

Baý täjir Ir zamanlarda bir baý täjir öz nökerlerini alyp, at üstünde şähere gelipdir. Ýoluň ugrundaky adamlar bolsa oňa iki bükülip, salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuşyn. Täjiriň hem bu adama gözi düşýär. Baý saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üsti-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna barýar. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:

“Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran” sazy

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda halypa žurnalist Allaberdi Sapargeldiýew bilen salamlaşaly hem-de saglygyny soraly diýip barypdyk. Zanny ýumşak häsiýetli Allaberdi aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý-nahardan soňra köne tanyşlar — Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Togtagül Kaka gyzy bilen Allaberdi aganyň gürrüňleri alşyp gitdi. Şonda Allaberdi aga: —Togtagül, sen ýaşlykdan türkmeniň edep-ekramyna, däp-dessuryna degişli rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörsüň. Hany, şolardan birini gürrüň bersene — diýip, gürrüňdeşligi ugrukdyryp goýberdi. Öňdenem ýumşak häsiýetli, türkmeniň inçe sungatyna ýüregi bilen berlen, ata-babalarymyzyň döreden medeni mirasy bilen gyzyklanyp ýören Togtagül Kaka gyzy:

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatlary

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O. Gurbannazarowa söz berdi. Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

“Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy. ***

Dalaşgärler hödürlenildi

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda saýlaw möwsümine şu ýylyň 2-nji ýanwarynda badalga berildi. Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem 28-nji martda geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.

Belent sepgitler kesgitlenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe, özbaşdak durmuşa gadam basanlaryndan soň saýlap-seçen hünärleri boýunça ylym-bilim almaga ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiz ýaşlar biziň geljegimizdir diýmek bilen biz, ýaşlara uly ynam bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň şu uly ynamyny ödemek üçin bolsa biz gijämizi gündiz edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmelidiris. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamada bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Şeýle hem bu resminamada Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenendir. Şu ýörelgeler bolsa ýaş raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmakdan, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň jemgyýe

Adaty bolmadyk ýyladyşhana

Häzirki wagtda kiçi hojalyklar adaty ýyladyşhanadan peýdalanýarlar. Şonuň bilen bir hatarda ýyladyşhananyň içinde ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda, kesgitli temperaturany saklamak üçin elektrik energiýasy ýa-da tebigy gaz sarp edilýär. Uzynlygy 26 metr we ini 12 metr bolan polietilen plýonka bilen örtülen ýyladyşhanany kesgitli ýyly howa bilen üpjün etmek üçin gündizki howanyň şertine baglylykda tebigy gazyň on iki sagat ýakylmagy hasaba alynsa (ýyladyşhananyň işçi temperaturasy ýetişdirilýän ekinlere baglylykda saýlanyp alynýar. Mysal üçin: pomidor: 18 — 200 C, hyýar: 20 — 250C). Şeýlelikde, bir peçde sarp edilýän tebigy gazdan dört aýyň dowamynda 8,6 kilogram kömürturşy — CO2 gazynyň bölünip çykmagyna getirýär. Ýyladyşhanada ýakylýan tebigy gaz gyş paslynyň dört aýynda ýakylýar. Netijede, umumy meýdany 312 inedördül metr deň bolan ýyladyşhanada alty sany peçde tebigy gazyň sarp edilmegini we ondan bölünip çykýan kömürturşy gazyny hasaba alsak, onda daşky gurşawa nähili derejede zyýanly täsir ýetirýändigine göz ýetirmek bolýar. Energiýany tygşytlamaklyk we alynýan önümiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak maksady bilen ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň ylmy-barlag meýdançasynda umumy göwrümi 62 kub. metre deň bolan adaty bolmadyk gelioýyladyşhana guruldy.

Bähbitli tagallalaryň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy sözüň doly manysynda ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Dünýäniň islendik döwletiniň ösüşli ýoly, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy şol ýurduň ykdysady kuwwaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem milli Liderimiz ykdysadyýetimizde düýpli özgertmelere gönükdirilen tutumly işlere badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginler bilen ösdürilmegi üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm bölekleriniň biri boldy. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady döwrebaplaşdyryldy. Kämil salgyt ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlete degişli däl çygyr bolan hususyýetçilikde önüm öndürijileriň has netijeli zähmet çekmeklerine giň ýol açdy. Telekeçilerimiziň bäsleşige ukyply önümleri, harytlary has köp öndürmekleri, olaryň görnüşlerini giňeltmekleri bilen bagly degerli işleriň gerimi giňedi.

Täsin “orkestr”

Bu wakany maňa heniz kiçijikkäm babam — bagşy we žurnalist Halykberdi Gurbansähedow gürrüň beripdi. Men häzir hem ol gürrüňi ýatlaýan we ýylgyranymy duýman galýaryn. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda babam ýaş hünärmen bolup, Marynyň welaýat halk döredijilik öýünde işe başlaýar. Ol ýerde geljekki atly režissýor Osman Saparow hem işleýärdi. Olar dostlaşýarlar, birek-birek bilen ýakyndan gatnaşýarlar.

Halypa žurnalistiň döredijilik ýoly

Durmuşda her bir ynsan manyly ömür ýoluny belli bir käre baglap, saýlan kesbiniň abyny-tabyny ele alyp, kärine kämilleşýär. Şeýle kämillige gol berip, ömrüniň kän ýyllaryny döredijilik işine we žurnalistika bagyşlap, halypalyga ýeten Allaberdi Sapargeldiýew hem şolaryň biri. A. Sapargeldiýew 1969 — 1970--nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 8-nji başlangyç hünär mekdebinde okap, bilim alýar. Soň bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 1970-nji ýylda Aşgabatdaky, şol wagtky Gidromelioratiw orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, 3-nji ýylynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin goşun gullugyna gidýär. Iki ýyl gulluk borjuny abraý bilen tamamlap geleninden soň, öňki okuwyny dowam etdirip, 1975-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ol 1975 — 1978-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Garagum melioratiw tejribe stansiýasynda işçi, laborant, baş laborant wezipelerinde zähmet çekýär.

Geliň, bedenimizi berkideliň!

Ýurdumyzda her bir adamyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly aladalary edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmekde uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ünsden düşürilmeýändigine gurulýan hassahanalary, şypahanalary göreniňde göz ýetirýärsiň.

Bagtyýarlygyň güwäsi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri barada tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepleri, sport mekdepleri, stadionlardyr sport desgalary mysal bolup biler. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň 1-nji sentýabrynda Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 15-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze mekdebiň açylyş dabarasy okuwçylaryň, mugallymlaryň, oba adamlarynyň durmuşynda ýatdan çykamajak, ajaýyp pursat bolup galdy. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni täze mekdepde hem şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslendi. Şol gün ol ýerde iki gatdan ybarat, 320 orunlyk okuwçy üçin niýetlenen döwrebap, täze mekdebiň mugallymlary täze güýç bilen ýaş nesle işjeň usulda bilim we terbiýe berip başladylar. Döwrebap mekdebiň binasyny welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Kakamyrat Söýünowyň ýolbaşçylyk edýän “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň işewür gurluşykçylary bina etdiler. Golaýda mekdebiň mü

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwrebap düzgünleriň ýörelgesi 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny Türkmenistanda notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanda notariat — bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr. Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar. Notarial işi — bu döwlet notariusy tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Demirýol geçelgesiniň jogapkärçiligi Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demirýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýoldan diňe demirýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demirýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygyň, çyzgylaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdugyna göz ýetireninden soň geçmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatlary

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi. ***

Wagyz - nesihat çäreleri

Gazanylan netijeler seljerilýär Geçen — Türkmenistan — — Bitaraplygyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary netijeler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda has ýokary netijeleri gazanmak üçin geçilen menzillere ser salyp, öňde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmaly.

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Ýakynda “Mary” myhmanhanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny dabaraly ýagdaýda geçirmek maksady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Begenç Myradow, welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hünärmeni, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Nedir Jumageldiýew, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda milli Liderimiziň alyp barýan tutumly işleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Şonuň ýaly hem söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek, häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almakda geçirilýän çäreler hakynda durup geçdiler. Şeýle hem şu ýyl uly şowhun bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk barada giňişleýin durup geçdiler.

Möhüm waka bolar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Bu saýlawlara ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli Liderimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem şu saýlawlaryň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda geçirilýändigini ýatlamalydyrys. Şu möhüm çäräni taýýarlykly garşylap, onuň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz telekeçileriň arasynda bu syýasy wakanyň ähmiýetini düşündirmekde degerli işleri talaba laýyk alyp barýarys.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ynsan saglygyny goramakda lukmanlar tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Serhetabat etrap hassahanasynyň “Galaýmor” oba saglyk merkeziniň işgärlerem ynsan saglygyny goramakda yhlasly zähmet çekýärler. Oba saglyk merkezine Azat Saryýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde näsaglara bejergi, sanjym işleri gowy geçirilýär. Näsaglara agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidikleri barada degerli maslahatlar berilýär.