"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ajaýyp kitaby okap...

Taryhy eseriň ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine giň ýol açyldy. Şeýle hem, ony dünýä ýaýmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Geçmiş taryhyna, bagtyýar şu gününe, ýagty geljegine sarpa goýýan halkymyz hemişe ruhy baýlygyň teşnesi. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz islendik döwürde hem kitaba uly hormat goýupdyrlar.

Halkara bähbitli tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we durnukly ykdysady syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz ösüş-özgerişleriň döwrüni başdan geçirýär. Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan gözbaşly düýpli ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berdi. Milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmakda giň möçberli işleriň depgini ýylsaýyn ýokarlanýar. Şeýle ösüş depgini ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Aslynda, milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty pudagy iri we möhüm pudaklaryň biridir. Halk hojalygymyzyň sütünleriniň biri hasaplanylýan gaz senagatyny ösdürmeklige döwlet Baştutanymyz örän uly üns bermek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalara badalga berýär. Şeýlelikde, tebigy gazyň baý ýataklaryny gözlemekde, burawlamakda amala aşyrylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Mawy ýangyjyň baý gorly ýerlerini senagat taýdan özleşdirmek wajyp wezipe. Ýerden alynýan tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen bagly işlerem döredijilikli zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzyň çar künjegindäki mawy ýangyja baý gaz ýataklarynda tutanýerli zähmet joşýar. Edermen gazçylarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen tebigy gazyň akymy barha artdyrylýar.

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň nusgasyna öwrüldi. Golaýda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Kalbymyzda Arkadaga alkyşlar, dillerimizde ajap döwrüň aýdymy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada we şu ýylyň dost-doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda işjeň gürrüň etdiler. Şeýle hem şu ýyl uly dabara bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdiler.

Yhlas myrada ýetirýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlarboýy dowam edip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly gymmatly eserleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň biri hem Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripka mugallymy Ysmaýyl Döwletgeldiýewdir.

Ökdeler öňe saýlandy

Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, mugallymlaryň okatmagyň döwrebap usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykmak başarnyklaryna, görkezme esbaplaryndan, usuly gollanmalardan peýdalanyşlaryna, soraglara dogry jogap berişlerine, sözleýiş medeniýetine baha berildi. Bäsleşigiň maksady Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr.

Ýüreklerde orun alan şahyrym

Golaýda şeýle at bilen Wekilbazar etrabynyň A. Gandymow geňeşligindäki Watan oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrapdaky 7-nji we 34-nji orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyny oba medeniýet öýüniň medeni çäreleri guramaçysy Bibi Altyýewa alyp bardy. Bu ýerde Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Nartäç Ýusupdurdyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň Watan oba medeniýet öýüniň ýanyndaky şahamçasynyň kitaphanaçysy Bilbil Gurbanmyradowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şahyryň ömri-döredijiligi, ýüreklerde orun alan eserleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, şahyr N. Ýusupdurdyýewanyň okap beren goşgulary we fortepiano saz guralynda ýerine ýetiren aýdym-sazlary hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Rugsatlar hakynda kadalar Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

Bosaga

Aýak bitip, ilki saňa büdredim, Ilkinji sapagy şeýdip aldym men.

Rowaýat

Kim kimi synaýar Ir zamanlarda bilimdarlykda özüni tanadan iki sany danyşment: “Gel, türkmenleriňem pähim-paýhasdyr üşüklilik derejesini göreli-le! Zehindir beýleki barasynda gürrüň gozgalaňda, olaryňam adyny bir gapdalda goýanoklar” diýip, türkmen topragyna aralaşyp, bir küren obanyň gyrasyndan girenler. Görseler, orallyga ýetiberen bir zenan maşgala tamdyra ot goýberipdir-de, nan ýasap, dürtgüç urup dur.

Tymsallar

Kaka etrabynyň gojaman Köpetdagy etekläp oturan Duşak obasynda ýaşaýan tejribeli mugallym, halypa mirasgär Nurnazar Jumanazarow gory gaýmakly adamlaryň biri. Halkymyzyň taryhynyň muşdagy bolan Nurnazar aga milli mirasa gezek gelende, tüweleme, edil iki paýly ýaly. Onda öwrenere zat köp. Türkmen tazylary baradaky şu tymsallary hem men halypa mirasgärden eşitdim. ***

Ömürbegiň degişmeleri

Çetinem ýapmaz Öňem bir Ömürbegi gepde ýeňip bilmezmikäm diýip, hyrçyny dişläp ýören ýigidiň biri atly geçip barýarka, Ömürbegiň oguljagazynyň öýleriniň gapdalynda oýnap ýörenini görüp:

Aşygy alçy gopan

Ir döwürlerde ata-babalarymyz ýatkeşligini güýçlendirmek, ýiteltmek, akylyny goýaltmak maksady bilen küşt, düzzüm, «Gurt gabaldy”, «Keçe-keçe” oýunlaryndan daşary, aşyk bilen «Urup ýykdy”, «Tänderdi”, «Sülmek”, «Üçem”, «Ýedaşyk”, «Ogry tutdum” oýunlaryny-da oýnapdyrlar. Aşyklary ýörite gyrdap, gurşun guýup, owadan reňklere boýap, her hili at dakyp ulanar ekenler. Sakga — içine gurşun guýup boýalan aşyk.

Wagt nämäni aňladýar

Adamzat gije-gündiziň gezekleşmegi, ýyldyzlaryň Aý-Günüň dogup- -ýaşmagy, pasyllaryň üýtgemegi ýaly hadysalar bilen gyzyklanyp gelipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gije-gündiziň, aýyň we ýylyň özara sazlaşygyny, kanunalaýyklygyny tapmak üçin dürli halklaryň arasynda dürli görnüşdäki senenamalary (kalendarlary) döredipdirler. Kalendar sözi asyl manysy latynça “karz ýa-da bergi kitaby” diýmekligi aňladypdyr. Ýagny, gadymy rimliler her aýyň üç gününi aýratyn at bilen belläpdirler, şeýlelikde her aýyň 1-ini kalend, her aýyň 5-ini (käbirlerinde 7-ini) non, her aýyň 13-ini (ýa-da 15-ini) id diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň bergidarlary bergisini her aýyň birinji güni — kalend güni bermeli edilipdir. Şeýle bolansoň, şu ýerden “kalendar” sözi gelip çykypdyr. Kalendar hasaplamalarynyň taryhda üç görnüşi — Aý kalendary, Aý-Gün we Gün kalendarlary bellidir. Ýyl hasaplamalary gadym döwürlerde dürli usullar bilen amala aşyrylypdyr. Olaryň biri Tropik ýyl hasabydyr, ol 365 gün, 5 sagat, 48 minut, 46 sekunda deňdir. Mundan başga-da, Kalendar ýyl hasaby Tropik ýyla golaýdyr we her 4 ýylda bir gün goşulyp, “Wisokos” ýyly diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hormatly atlaryňyz gutly bolsun, mähriban eneler!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriniň bir toparyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar: Mary welaýatynyň Mary şäherinden öý hojalykçy Zöhre Amanowna Kiçiýewa,

Bahar paslynyň goýnunda

Gözel ülkämize ynsan kalbyny heýjana getirýän bahar pasly geldi. Daş-töwerekde çagalaryň şadyýan gülküleri, guşlaryň owadan saýraýan owazlary, meýdandaky owlak-guzularyň sesleri pasyllaryň şasy bahar paslynyň gelenini söýünçli buşlaýar. Bahar paslynyň gelmegi biziň kalplarymyzda tebigatyň gözel pursaty bolan gül-gülälekli, jümjümeli pursaty ajaýyp öwüşgin bolup açylýar. Tebigatyň şeýle gözelligi bolsa, ynsan durmuşynyň sazlaşygyndan, asuda ýaşaýşyň bakylygyndan nyşandyr. Säheriň zenan näzikligi deý, gül-gülälekleriň başyny çalaja yraýan arassa howasy bolsa, ynsan ýüreginde näzijek duýgyny oýarýar. Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da, zeminiň lälesi bolan zenanlarymyzyň şatlygyna- -şatlyk, gözelligine-gözellik goşýan bu baýramyň dabarasy dag aşdy.

Baýramçylyga bagyşlanylan dabaralar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabarasy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň çar künjeginde belentden ýaňlandy. Bu senäniň ýurdumyzda giňden bellenilmegi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan, belent sarpa, zenanlarymyzyň eşretli durmuşda päk zähmet çekip, döwrebap dynç almaklaryna döredilýän şertlere, olar hakynda edilýän uly aladalara şaýatlyk edýär. Ajap eýýamymyzda gelin-gyzlarymyzyň erkek adamlar bilen deň hatarda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda döredijilikli zähmet çekmeklerine zerur şertler döredilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde türkmen zenanlaryna sarpa goýmak asylly däbe öwrüldi. Golaýda şu senä bagyşlanyp Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, ýygnananlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan köp çagaly eneler hakynda edilýän uly aladalar dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan “Ene mäh

Mähriban siz, eneler

Dünýä görki lälezar. Siziň bilen, eneler.

Eziz enelerimiz, size buýsanýarys

Ene hakynda söhbet açmagyň özi göwnüňi ganatlandyrýar. Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda hem göz ýetirýärsiň. Eneler dünýämiziň owaldan-ahyra çenli öçmez keramatydyr. Olar bilen durmuşymyz ajaýyplyga, ýollarymyz ýagtylyga, täleýlerimiz bagtlylyga eýedir. Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, ol diňe ene kalby bolup biler.