Halkara bähbitli tagallalar

10 Mart 2021
934

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we durnukly ykdysady syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz ösüş-özgerişleriň döwrüni başdan geçirýär. Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan gözbaşly düýpli ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berdi. Milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmakda giň möçberli işleriň depgini ýylsaýyn ýokarlanýar.

Şeýle ösüş depgini ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Aslynda, milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty pudagy iri we möhüm pudaklaryň biridir. Halk hojalygymyzyň sütünleriniň biri hasaplanylýan gaz senagatyny ösdürmeklige döwlet Baştutanymyz örän uly üns bermek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalara badalga berýär. Şeýlelikde, tebigy gazyň baý ýataklaryny gözlemekde, burawlamakda amala aşyrylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Mawy ýangyjyň baý gorly ýerlerini senagat taýdan özleşdirmek wajyp wezipe. Ýerden alynýan tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen bagly işlerem döredijilikli zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzyň çar künjegindäki mawy ýangyja baý gaz ýataklarynda tutanýerli zähmet joşýar. Edermen gazçylarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen tebigy gazyň akymy barha artdyrylýar.

Beýleki habarlar