Eziz enelerimiz, size buýsanýarys

8 Mart 2021
894

Ene hakynda söhbet açmagyň özi göwnüňi ganatlandyrýar. Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda hem göz ýetirýärsiň.

Eneler dünýämiziň owaldan-ahyra çenli öçmez keramatydyr. Olar bilen durmuşymyz ajaýyplyga, ýollarymyz ýagtylyga, täleýlerimiz bagtlylyga eýedir. Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, ol diňe ene kalby bolup biler.

Beýleki habarlar