"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýarlygyň röwşen şuglasy

Döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, ýaş nesliň öňünde giň mümkinçilikleri döredip, olaryň ajaýyp geljeginiň binýadyny şu günlerden üpjün etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli tutumlar halkymyzyň geljege bolan ynamyna ynam goşýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatda alyp barýan döwlet syýasatyny, il-ýurt, ýaş nesillerimiz baradaky çäksiz aladalaryny durmuşa ornaşdyrmakda bilim ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bar. Bu meselede mugallymlaryň wezipesi has jogapkärlidir. Mugallym ýaşlaryň her biriniň zehin aýratynlygyny öwrenip, olara görelde bolmaly, hemişe öz-özüni ösdürmeli. Mugallym irginsiz, jepakeş bagban mysaly, öz eken daragtynyň berjek süýji hasylynyň hözirini diňe bir özüniň däl, eýsem il-ulusyň, bala-çagalarynyň hem görmegini tüýs ýüreginden arzuwlaýan ynsandyr. Biz şol datly miweleriň hözirini her günde görüp, öz durmuşymyzda duýup ýaşaýarys. Häzirki günde hormatly Prezidentimiziň sahawatly tutumlary il-güne, ýaş nesle täze mümkinçilikleri açyp, bagtyýarlygyň manysyny gündelik durmuşyň mysalynda subut edýär.

Ýaşlara ynam bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýokary we orta bilim berýän okuw mekdepleriň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterleriniň, multimedia tehnologiýalarynyň talyplardyr mekdep okuwçylarynyň ygtyýaryna berilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylmagy bolsa, ýaşlara bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi ylym-bilime teşne bolan türkmen ýaşlaryny rowaçly menzillere ruhlandyrýar. Bilim ulgamynda döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde täzeçe pikirlenmegi başarýan, geljekde Watan ykbalyna aýgytly täsir edip biljek kämil ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Şunda ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň rowaçlyk tapýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Watanymyzyň egsilmez kuwwaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda bilim edaralary okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şu okuw ýylynda dabaraly açylyp, ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklary bagtyýar nesillere gapylaryny giňden açdy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ajaýyp bilim ojaklary döwrümiziň bagtyýarlygyny aýan edýär. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna gad

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir şahsyýetiň kämilligiň belentliklerine, üstünliklerine ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil şahsyýet bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine şert döredýär. Şeýle hem sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ýaş nesli döwrebap okatmakda, ylym-bilim, terbiýe bermekde sanly bilimiň, ösen tehnologiýalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Terbiýeçilik ähmiýetli dabaralar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, innowasion tehnologiýalaryň netijesinde okatmagyň täze usullarynyň döremegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdepde takyk we tehnologiýa ylymlary boýunça hepdeligiň çäklerinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ýaşlar diňe öňe sary» atly mekdep okuwçylarynyň döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginden myhmanlar gatnaşdylar. Sergide mekdep okuwçylarynyň döreden işleriniň birnäçesi görkezildi. Olardan 3DMAX, PHOTOSHOP programmalarynda okuwçylaryň eden işleriniň, robot tehnikasy boýunça döredilen işler, okuwçylaryň dürli dersler boýunça döreden taslama işleriniň, şeýle-de mekdep mugallymlary üçin gerek bolan elektron testleriň, elektron gollanmalaryň birnäçesiniň sergisi boldy.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir» diýmek bilen, ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirýär, olaryň bagtyýar durmuşy hakynda bimöçber alada edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň umumybilim berýän orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim almaklary, öz bilimlerini yzygiderli artdyryp, ylym bilen meşgullanmaklary, dürli hünärleri özleşdirmek bilen senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän şertler röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky aladanyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän bilimiň hili has-da kämilleşdirilýär. Şonuň üçin hem ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksadyndan ugur alnyp, geçirilýän işleriň netijeliligini gazanmakda uly tagallalar edilýär. Häzirki wagtda bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara uly goşant goşýarlar, döwrebap bilim ojaklarynda bilim alýarlar, hünär öwrenýärler.

Döwrebap bilim özgertmeleri

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen jemgyýetinde ýaş nesil, ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna, täze röwşe eýe boldy. Şonuň netijesinde hem bilim ulgamyny ösdürmegiň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeler ýüze çykdy. Jemgyýetiň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzda bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmakda, şu günki ýaşlara döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişden şu güne çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek däbe öwrüldi.

Iňlis dili sapagyny täsirli guramak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.

Çagany mekdebe öwrenişdirmegiň aýratynlyklary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülleýär, gül açýar, özgerýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 1-nji synpda çagalary mekdebe uýgunlaşdyrmagyň we oňa çemeleşmegiň aýratynlyklary barada aýtsak, çagalara örän seresaply we içgin çemeleşilmelidir. Okuwçy çagalaryň hemmesine uly adam ýaly garamaly. Olar bilen deň gürleşip, deň düşünişip, ruhlarynyň belent bolmagyny gazanmaly. Çagalaryň her biri özleriniň pikirleriniň diňlenýändigini duýmalydyr.

Milli terbiýe mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) bolsa bilimi kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy, onuň Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Kanunda ýurdumyzyň bilim babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hem kesgitlenýär.

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň möhüm bölegi bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde ornaşdyrylan häzirki zaman okuw-terbiýeçilik işi özgertmeleriň esasy aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Mugallymlaryň hünärleriniň kämilleşdirilmegine bolan umumy garaýyşlar ösdürilýär. Şuňa laýyklykda, okuwçylara berilýän üns, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler günsaýyn giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde çagalara döwrebap bilim, terbiýe bermegiň hil taýdan kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek bilen birlikde, geljekde bu ulgamyň işiniň netijeliliginiň has-da artdyrylmagy bilen baglylykda täze wezipeleri hem öňde goýýar. Okuwçylara berilýän gündelik bilim milli terbiýe bilen baglanyşdyrylýar. Sebäbi bilim diňe terbiýe bilen kämil maksada ýetýändir. Mysal üçin okuwçy näçe edepli bolsa, şol okuwçynyň bilimden hem ýüki ýetik bolýar. Hut şonuň üçin hem her bir pedagogyň okuwçylara sapagy ünsli kabul etmäge taýýarlamakdan başlamagy sapagyň netijeliligini artdyrýar. Ine şu usulyýet bolsa pedagogikanyň esasy sütüni bolup biler. Sebäbi okuwçylaryň ünsüni, esasan, ilki bilen mugallym özünde jemlemeli we sapagy geçmegi dowam etmeli. Mugallymlaryň sapagyny kämilleşdirmegine bolsa uly mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Owganystanly demir ýolçularyň täze tapgyry Türkmenistanda okuwlary geçdiler

Owganystanyň demir ýol işgärleriniň ikinji tapgyry, "Türkmendemirýollary" agentliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hünär derejesini kämilleşdiriş mekdebinde okuwlary geçdiler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçen owganystanly demir ýolçulara degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary 1-nji awgust - 30-njy noýabr aralygynda dowam etdi. 1-nji dekabrda ýaş hünärmenler Watanyna dolandylar.

Bilim işgärleriniň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ýanwar maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze taryhy döwürde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarymyzyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýäris». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi. Giň gerimde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň, edep-terbiýeli we zehinli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmag

Bilim ulgamynyň binýady berkeýär

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de ösüş­le­re bes­len­ýär. Jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de ylym-bi­lim esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Adam­zat dur­mu­şyn­da ga­za­ny­lan äh­li üs­tün­lik­ler we ýe­ňiş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler hem ylym-bi­li­miň, ösen aňy­ýe­tiň mi­we­le­ri­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň türk­men nus­ga­sy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne has ynam­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­si mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mil­li bi­lim we ylym ul­ga­my özün­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri jem­le­ýär. Hut şo­nuň üçin ýur­du­myz­da, il­ki bi­len, ylym-bi­lim öň­de goý­lan mak­sa­da ýet­me­giň yg­ty­bar­ly ugur­la­ry hökmünde kes­git­len­di. Bu ba­bat­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň der­wa­ýys me­se­le­le­rin­den ugur alyn­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, dün­ýä yl­myn­da ga­za­ny­lan iň tä­ze, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­lim ul­ga­my­na giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­let ta­ra­pyn­dan bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi­ne her ýyl uly möç­ber­dä­ki se­riş­de­ler goý­be­r

Dil öwretmek tejribesi kämilleşdirilýär

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we many-mazmunyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, daşary ýurt dillerini öwredýän ussat mugallymlary, zehinli terjimeçileri taýýarlamak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşen ýokary okuw mekdebi bolup, onda ýaşlara dil öwretmek işi häzirki döwrüň tejribesine laýyklykda ýola goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men köp dil bilmek syýasatynyň ýurdumyzda barha rowaçlanýandygyna örän begenýärin» diýen sözlerini çelgi edip, institutda ýaşlara dünýä dillerini öwretmekde öňdebaryjy usullardan işjeň peýdalanylýar. Bu ýerde iňlis, rus, nemes, fransuz, ispan, italýan, arap, pars, türk, hindi, hytaý, koreý, ýapon dilleri bilen bir hatarda, türkmen dili we edebiýaty boýunça-da hünärmenler taýýarlanylýar. Baş maksady dünýäniň zähmet bazarynyň talaplaryny ödeýän, bäsdeşlige we innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolan bilim ojagymyzda bu ugurda alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler öz oňyn netijel

Geljek hakda alada

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze zehinleri ýüze çykarmak we goldamak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki, döredijilik, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde degişli edaralar, şol sanda jemgyýetçilik guramalary bilen, bu babatda alnyp barylýan işler öz ajaýyp miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň köp sanly halkara olimpiadalara gatnaşyp, dürli baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belläp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän şeýle çäreleriň uly ähmiýete eýedigine ünsi çekýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paý

Başlangyç bilimiň binýady

Geljegimiz bolan çagalar ilkinji terbiýäni maşgalada alýarlar. Şonuň ýaly-da çagalara başlangyç bilim bermek işleri bakja-bagynda başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp barýan nesil uly üns-alada bilen gurşalyp, olaryň bilimli, giň dünägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla edilýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýen sözleri aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda döwür bilen deň gadam urjak bolsaň, yzygiderli kämilleşip durmaly. Bu ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlardyr terbiýeçiler babatda-da şeýle. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli Bilim instituty tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli geçirilýär. Ýokarda atlary agzalan edaralar tarapyndan Aşgabat şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri şeýle okuwlar guralýar.

Ösüşleriň binýady

Bilim — beýik maksatlaryň başlangyjy. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli bilim ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Döwletimizde bu ugurda kabul edilýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelmek bilen, dünýä döwletleriniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi.

Täsirli geçen çäre

Gyzylarbat etrabyndaky Garry Kulyýew adyndaky 20-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň guramagynda «Il-halkynyň jana-jany, dünýe içre ykrarymyz, Watanymyzyň Gahrymany Arkadagly Serdarymyz!» atly «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň kitaphanaçylary we mugallymlary gatnaşdylar. «Açyk gapylar» güni «Iň oňat mekdep kitaphanasy» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi, mekdebiň kitaphanaçysy Aýnabat Alaşowanyň «Kitap — täsin we beýik gudrat» atly çäresi bilen başlandy. Onda mekdep okuwçylary kitabyň ynsan durmuşyndaky derwaýys zerurlygyny çeper we paýhasly jümleler bilen teswirlemek bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň milli Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny, bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmakda goşýan ägirt uly şahsy goşandyny, ýaşlary Watana söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmakda bitirýän beýik işlerini goşgularyň, çykyşlaryň, edebi-sazly kompozisiýanyň, dürli sahna oýunlarynyň üsti bilen wasp etdiler.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy