Kämilligiň berk binýady

5 Dekabr 2023
641

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň möhüm bölegi bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde ornaşdyrylan häzirki zaman okuw-terbiýeçilik işi özgertmeleriň esasy aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Mugallymlaryň hünärleriniň kämilleşdirilmegine bolan umumy garaýyşlar ösdürilýär. Şuňa laýyklykda, okuwçylara berilýän üns, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler günsaýyn giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde çagalara döwrebap bilim, terbiýe bermegiň hil taýdan kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek bilen birlikde, geljekde bu ulgamyň işiniň netijeliliginiň has-da artdyrylmagy bilen baglylykda täze wezipeleri hem öňde goýýar.

Okuwçylara berilýän gündelik bilim milli terbiýe bilen baglanyşdyrylýar. Sebäbi bilim diňe terbiýe bilen kämil maksada ýetýändir. Mysal üçin okuwçy näçe edepli bolsa, şol okuwçynyň bilimden hem ýüki ýetik bolýar. Hut şonuň üçin hem her bir pedagogyň okuwçylara sapagy ünsli kabul etmäge taýýarlamakdan başlamagy sapagyň netijeliligini artdyrýar. Ine şu usulyýet bolsa pedagogikanyň esasy sütüni bolup biler. Sebäbi okuwçylaryň ünsüni, esasan, ilki bilen mugallym özünde jemlemeli we sapagy geçmegi dowam etmeli. Mugallymlaryň sapagyny kämilleşdirmegine bolsa uly mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Ogultäç DÖWLETOWA,
Aşgabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.