Geljek hakda alada

2 Dekabr 2023
371

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze zehinleri ýüze çykarmak we goldamak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki, döredijilik, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde degişli edaralar, şol sanda jemgyýetçilik guramalary bilen, bu babatda alnyp barylýan işler öz ajaýyp miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň köp sanly halkara olimpiadalara gatnaşyp, dürli baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belläp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän şeýle çäreleriň uly ähmiýete eýedigine ünsi çekýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar. Bu halkara olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde şeýle iri bilim bäsleşiklerine taýýarlyk işleri şu günlerden guramaçylykly dowam edýär.

Şemşat ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň müdiri.