Başlangyç bilimiň binýady

1 Dekabr 2023
512

Geljegimiz bolan çagalar ilkinji terbiýäni maşgalada alýarlar. Şonuň ýaly-da çagalara başlangyç bilim bermek işleri bakja-bagynda başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp barýan nesil uly üns-alada bilen gurşalyp, olaryň bilimli, giň dünägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla edilýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýen sözleri aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda döwür bilen deň gadam urjak bolsaň, yzygiderli kämilleşip durmaly. Bu ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlardyr terbiýeçiler babatda-da şeýle. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli Bilim instituty tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli geçirilýär. Ýokarda atlary agzalan edaralar tarapyndan Aşgabat şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri şeýle okuwlar guralýar.

Ýalpyl MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 158-nji çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň ussat mugallymy.