Ýaşlara ynam bar

5 Dekabr 2023
630

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýokary we orta bilim berýän okuw mekdepleriň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterleriniň, multimedia tehnologiýalarynyň talyplardyr mekdep okuwçylarynyň ygtyýaryna berilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylmagy bolsa, ýaşlara bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi ylym-bilime teşne bolan türkmen ýaşlaryny rowaçly menzillere ruhlandyrýar. Bilim ulgamynda döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde täzeçe pikirlenmegi başarýan, geljekde Watan ykbalyna aýgytly täsir edip biljek kämil ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Şunda ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň rowaçlyk tapýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Sülgün HAPYZOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy.