Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

5 Dekabr 2023
651

Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir şahsyýetiň kämilligiň belentliklerine, üstünliklerine ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil şahsyýet bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr.

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine şert döredýär. Şeýle hem sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ýaş nesli döwrebap okatmakda, ylym-bilim, terbiýe bermekde sanly bilimiň, ösen tehnologiýalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Aýnur SOPYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.