Iňlis dili sapagyny täsirli guramak

5 Dekabr 2023
697

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler.

Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.

Akja MUSAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 81-nji orta mekdebiň mugallymy.